Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherinde ýazky ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

20 Mart 2023
2224

Ahal welaýaty, 18-nji mart (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki döwrüň sazlaşykly ösüşiniň nyşany hökmünde Köpetdagyň etegindäki gözel künjekde bina edilen Arkadag şäheriniň çäginde guralan ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy. Türkmen topragyny bagy-bossanlyga büremek boýunça ýaýbaňlandyrylan asylly çäräniň ýazky möwsüminiň başlanmagyny alamatlandyrýan bu dabara ýurdumyzda asyrlar aşyp gelýän ýagşy dessurlaryň döwrüň ruhuna kybap derejede ösdürilýändiginiň aýdyň beýanyna öwrüldi.

Säher bilen türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherinde ählihalk bag ekmek dabarasynyň geçirilýän ýerine geldi. Bu ýerde ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Bagşy-sazandalaryň joşgunly aýdym-sazlary çärä baýramçylyk öwüşginini çaýdy.

Beýleki habarlar