Türkmenistanda ýazky bag ekmek möwsümine badalga berildi

18 Mart 2023
887

Şu gün ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda köpçülikleýin bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsümine badalga berildi. Bu özboluşly ekologik çäre paýtagtymyzyň ilersinde, dag etegindäki ajaýyp künjekde geçirildi.

Ählihalk bag ekmek dabarasynyň badalga beriljek ýerinde döwlet Baştutanymyzy çärä gatnaşyjylar mähirli garşyladylar. Ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň joşgunly aýdym-sazly çykyşlary dabara gatnaşyjylaryň baýramçylyk ruhuny has-da belende göterdi.

«Türkmenistan»
Beýleki habarlar