Türkmenistan — bagy-bossanly watanymyz

15 Mart 2023
620

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, onuň gözel tebigatyny has-da baýlaşdyrmak, «Türkmenistanyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, şu ýyl ýurdumyzda saýaly, pürli, miweli baglaryň we üzümiň 3 million nahalyny ekmek meýilleşdirilýär. Birigün, ýagny 18-nji martda bolsa Türkmenistanda ýazky ählihalk bag ekmek dabarasy geçiriler.

Arkadagly Serdarymyzyň belleýşi ýaly, baýlyklaryny geljek nesiller üçin saklap galmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Sözüň doly manysynda, Türkmenistan — bagy-bossanly Watanymyz. Ýurdumyzyň iň täze taryhynyň aýdyň nyşanyna, sazlaşygyň we gözelligiň nusgasyna öwrülen ýurdumyzyň paýtagtynyň keşbi bolsa günsaýyn özgerýär. Türkmenistanyň paýtagtyny dünýä ähmiýetli şähere öwürmek boýunça işler üstünlikli dowam etdirilýär. Häzirki wagtda Aşgabat şäheri gözümiziň alnynda emele gelýän täsin binagärlik keşbi bilen göreni haýran galdyrýar. Olarda beýik binalar hem-de giň meýdançalar, şaýollar, baglara bürenen köçeler, oňaýly seýilgähler, ägirt uly tokaý-seýilgäh zolaklary täsin sazlaşyk döredýär.

«Esger».
Beýleki habarlar