Türkmenistan — bagy-bossan

14 Mart 2023
574

Eziz Watanymyzyň gözel tebigatyny gorap saklamak, täze ýaşyl zolaklary döretmek boýunça durmuşa geçirilýän wezipeler, ilki bilen, geljekki nesilleriň bähbidini nazarlaýar. Şahsyýetiň sazlaşykly ösmeginde adamyň ruhy, ahlak dünýäsi, belent oý-pikirleri esasy orun eýeleýär. Ýaşlarda Watana bolan çäksiz söýgi duýgusyny, ony has-da kuwwatly döwlete öwürmek höwesini kemala getirmekde daşky gurşawa, tebigata bolan garaýşymyz, söýgimiz uly ähmiýete eýedir. «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyrylan ýylyň baharynda geçiriljek ählihalk bag ekmek dabarasy hem ata-babalarymyzyň tebigat bilen sazlaşykly ýaşamak, bag ekmek, gurmak, döretmek ýörelgeleriniň dowamat-dowamdygyna şaýatlyk edýän çäreleriň biridir. Hormatly Prezidentimiziň 10-njy martda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda gol çeken Kararyna laýyklykda, ýurdumyzda şu ýylyň 18-nji martynda ählihalk bag ekmek dabarasyny geçirmek, degişli düzümlere bu çäräni ýokary derejede guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy. Bu resminama Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, tokaý zolaklaryny döretmek we ekilen bag nahallaryna talabalaýyk ideg etmek, şeýle-de «Türkmenistanda 2023-nji ýylda bag ekmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň şu ýylyň 24-nji fewralynda gol çeken Kararyny ýerine ýetirmek maksadyndan ugur alýar. Ýurdumyzyň gözel tebigatyny has-da baýlaşdyrmak, 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, şu ýyl ýurdumyz boýunça dürli baglaryň we üzümiň 3 million düýp nahalyny ekmek meýilleşdirilýär. Nesip bolsa, şol nahallaryň 1,5 million düýbi ýazky bag ekmek möwsüminde oturdylar.

Ýaşyl zolaklar oba-şäherleriň, ilatly ýerleriň daş-töweregindäki, dag eteklerindäki, suw akabalarynyň kenarlaryndaky tokaýlaryň çäklerini giňeldýär. Gür baglyklar, ýaşyl zolaklar ilatly ýerleri jöwzaly we tozanly ýellerden, topragyň zaýalanmagynyň öňüni alýar, sil akymlaryndan goraýar, amatly howa gurşawyny döredýär — atmosferada kislorodyň bolçulygynyň artmagyna, onuň dürli tozan galyndylaryndan arassalanmagyna ýardam edýär, tebigaty gözelleşdirýär.

Enejan DIDAROWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.
Beýleki habarlar