Wajyp ekologiýa meseleleri

11 Ýanwar 2023
754

Dünýä jemgyýetçiliginiň üns merkezinde durýan meseleleriň biri-de ekologiýa meselesi bolup, ol jemgyýet bilen tebigatyň özara täsiri we tebigatyň baýlyklarynyň rejeli peýdalanylyşydyr. «Ekologiýa» adalgasy ilkinji gezek 1869-njy ýylda ylma girizilip, ol janly-jandarlaryň daşky gurşaw bilen arabaglanyşygyny öwrenýär. Mälim bolşy ýaly, janly-jandarlaryň daşky gurşaw bilen gatnaşygy adatdan daşary çylşyrymlydyr we jandarlaryň dürli topary üçin özboluşlydyr. Şonuň üçin häzirki zaman ekologiýasy dürli ugurlaryň: ösümlikleriň, haýwanlaryň, mikroorganizmleriň ekologiýasyny, gidrobiologiýany, aerobiologiýany öz içine alyp, çalt depginler bilen ösýär.

Ýurdumyz üçin daşky gurşawyň ilatyň saglygyna edýän täsiri (tebigy hadysalar, klimatyň üýtgemegi we başgalar); Merkezi Köpetdagyň arça we Bathyz belentliginiň pisse tokaýlaryny abat saklamak; dag ýapgytlaryndan gaýdýan sil suwlarynyň ýygnanýan ýerlerinde kiçi göwrümli suw howdanlaryny gurmak; suw baýlyklaryny hapalanmakdan goramak; içimlik suwuň hilini gowulandyrmak; arçalaryň we pisseleriň ösdürilip ýetişdirilmegini ýola goýmak; gurulýan demir we awtomobil ýollaryny çäge syrgynlaryndan goramak; «Altyn asyr» Türkmen kölüniň Baş akabasyny we onuň şahalaryny süýşýän çägeleriň basmagyndan goramak hem-de beýlekiler wajyp ekologik meseleler bolup durýar. Şu we beýleki meseleleri dogry hem-de öz wagtynda çözmek boýunça netijeli işler durmuşa geçirilýär.

Nadina Ibragimhalilowa,
Hazar ekologiýa gözegçilik gullugynyň gidrohimiýa laboratoriýasynyň laboranty.
Beýleki habarlar