Arkadag şäherinde raýatlarymyza «JAC E-J7» elektromobilleri hyzmat eder

30 Dekabr 2022
761

«Soňky döwürlerde «JAC» kompaniýasy ýeňil we ýük awtomobilleri bilen uly meşhurlyk gazandy. Kompaniýanyň awtomobilleri dünýäniň ähli künjegindäki müşderilerde uly islegden peýdalanýar. Kompaniýanyň esasy köp satylýan awtomobili hökmünde «JAC J7» tapawutlandyrylýar. Geçen ýyl bolsa bu awtomobiliň elektrikleşdirilen görnüşi tanyşdyryldy» diýip, jacmotors.com saýtyna salgylanyp, salamnews web-saýty habar berýär.

«JAC E-J7» dolulygyna elektrikleşdirilen ulag bolup, ol ýokary hilli ygtybarlylygy bilen tapawutlanýar. Ulag 193 at güýjüne eýe bolan hereketlendiriji bilen üpjün edilipdir. Elektromobil 0-dan 100 km-e çenli tizlige bary-ýogy 5,9 sekuntda ýetýär.

Beýleki habarlar