Muzeýler — taryhy hazynalar

7 Dekabr 2022
704

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzda hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda, türkmen halkynyň baý medeni-mirasyny, sungatyny gorap saklamak we geljek nesle aýawly ýetirmek maksady bilen gurlup ulanylmaga berlen döwrebap muzeý binalary sanardan kändir. Ylmy-barlag edaralaryň hatarynda muzeýler özboluşly orny eýeleýärler. Alnan ylmy netijeler ylmy açyşlaryň gaznasyny doldurýar we ylmyň dürli görnüşleri tarapyndan peýdalanylýar.

Muzeý gymmatlyklary taryhy çeşme hökmünde çykyş edýär. Bu gymmatlyklar ýygnalanda derňewiň dowamynda çeşmelerden we olaryň ýany bilen berilýän maglumatlardan başga-da, arhiw resminamalary, goşmaça edebiýatlar we beýleki ylmy-maglumat beriji materiallar ulanylýar. Bular gymmatlygyň öwrenilmeginiň netijelerini takyklamaga ýardam berýär. Maddy çeşmelere esaslanýan arheologiýanyň mysalynda barlaglaryň geçirilişini anyk yzarlamak bolýar. Gazuw-agtaryş işleri döwründe tapyndylar ýazmaça, surata düşürmek arkaly bellige alynýar we resmileşdirilýär. Soňra tapyndylar baradaky maglumatlar ylmy barlaghanalarda öwrenmek arkaly ýüze çykarylýar. Bu ugurdaky barlaglar esbabyň ýasalan çig maly boýunça (meselem, demir, mata we deri, kagyz, daş, çüýşe, keramika) ýa-da beýleki alamatlary bilen bir hatarda, belli bir materiallaryň ulanylmagy bilen häsiýetlendirilýän esbaplarda geçirilýär. Işler topary boýunça (nakgaşlyk, saz gurallary) alnyp barylýar. Daşky täsirleriň zyýan ýetirişi we onuň öňüni almak boýunça düýpli barlaglar gymmatlyklarda geçirilýär. Meselem, dürli materiallarda, howa şertleriniň, aýratyn hem, howanyň temperaturasynyň we çyglylygynyň täsiri öwrenilýär. Dürli çig mallardan ýasalan esbaplaryň toparlaryny gaznalarda saklamak boýunça ýörite talaplar işlenilip taýýarlanylýar. Tapyndylary ylmy taýdan beýan etmek we netijelerini neşir etmek gymmatlyklaryň çeşmesi hökmünde öwrenilmegini tamamlaýar.

Yslam DURDYÝEW,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň kiçi ylmy işgäri.
Beýleki habarlar