Magtymguly we Gündogar edebiýaty

30 Noýabr 2022
872

Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda taryhymyzy, medeniýetimizi, edebi mirasymyzy, sungatyň dürli ugurlaryny öwrenmekde köptaraplaýyn jemgyýetçilik, döredijilik, ylmy, durmuş, taryhy ähmiýetli möhüm işler üstünlikli alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde orun alan eserleriň terjime we neşir edilişinde, dünýäniň dürli geografik sebitlerinde köptaraply öwrenilişinde, wagyz edilişinde täze şöhratly taryhy tapgyryň galkynyşlary üstünlikli dowam edýär. Taryhy ösüşlere baha berlende, köplenç, edebiýatyň kämillik basgançaklaryna, ýörelgelerine we edebi miraslaryň görnüşlerine ýüzlenilýär.

Gadymy Beýik Ýüpek ýolundan gözbaş alyp gaýdýan Gündogaryň edebi-jemgyýetçilik hereketleriniň hyzmatdaşlyk akymynyň ýakymy bu günki gün ýürek ýollaryny ýylatmagyň nobatdaky tapgyrlaryna hem uly badalga berýär. Magtymguly Pyragynyň şygyrlary dünýä edebiýatynyň ösüşinde we taryhynda akyl gurşawynyň giňligi, çuňlugy, beýikligi, milliligi, döwrebaplygy we kämilligi bilen aýratyn sarpa goýulýar. Dana şahyr Magtymguly Pyragynyň döredijiligi türkmen edebiýatynyň epiki žanry bolan dürli mazmundaky dessanlaryň, ertekileriň, rowaýatlaryň ýordumlaryna, Gündogaryň edebi ýazuw ýadygärliklerinde orun alan kyssalara, halk hekaýatlaryna we olar bilen bagly taryhy, nusgawy çeperçilik gymmatlyklara baýlygy, parasatlylygy bilen aýratyn tapawutlanýar. Şahyryň döredijiliginde döwürleriň synagyndan geçen Gündogaryň ýörgünli şahyrana mekdepleriniň däpleri, nusgalary, döredijilik tilsimleri, ýaşy orta asyrlar bilen senelenýän eserleriň, dessanlaryň esasy gahrymanlarynyň keşpleri we atlary köp duş gelýär. Şolaryň biri hem şahyryň döredijilik ussahanasynda taplanyp, çeper wasp edilýän gadymy Leýli we Mejnun hakyndaky edebi, folklor ýazuw ýadygärligidir. Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde, 30-a golaý goşgularynda Leýli we Mejnunyň atlary bilen bagly şahyrana setirlere, ussatlyk, görelde alarlyk nusgadaky waspnamalaryna duş gelmek bolýar. Olaryň hatarynda akyldaryň «Bilmezmiň», «Jan içinde», «Şondadyr», «Meňzär hökümli», «Baglar, heý», «Galandar», «Illerden aýlandy», «Istemen», «Mejnuny bardyr», «Nary dilberiň», «Jany bolmasa», «Hemhana gelendir», «Maly dünýä, heý!», «Galyp men», «Köňlüm» ýaly şygyrlaryny bellemek bolar. Jemgyýetde medeni-ruhy durmuşyň rowaçlygy üçin uly taryhy hyzmaty ýerine ýetiren Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde 12 bentli «Söýmüşem seni» atly şygrynda 11 sany meşhurlyk gazanan jübüt aşyk-magşuklaryň — «Leýli — Mejnunyň», «Ýusup — Züleýhanyň», «Şirin — Perhadyň», «Seýpelmelek — Methaljemalyň», «Warka — Gülşanyň», «Gül — Nowruzyň», «Wamyk — Uzranyň», «Arzy — Gambaryň», «Zöhre — Tahyryň», «Şasenem — Garybyň» we «Ybraýym — Saranyň» atlary many baýlygy bilen agzalýar.

Dädebaý PÄLWANOW,
Görogly etrap häkimliginiň hünärmeni.
Beýleki habarlar