Ga­dy­my taryhymyzyň şöhraty

13 Noýabr 2022
1254

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň, ta­gal­la­sy ne­ti­je­sin­de göz­ba­şy­ny has ir­ki dö­wür­ler­den alyp gaýd­ýan mil­li me­de­ni­ýe­ti­mi­zi, ta­ry­hy­my­zy, ede­bi mi­ra­sy­my­zy öw­ren­mä­ge, hem­me­ta­rap­la­ýyn go­rap sak­la­ma­ga, ös­dür­mä­ge we ony baý­laş­dyr­ma­ga, dün­ýä halk­la­ry­ny me­de­ni gym­mat­lyk­la­ry­myz bi­len ta­nyş­dyr­ma­ga giň müm­kin­çi­lik­ler dö­re­dil­ýär.

Tür­ki me­de­ni­ýe­tiň hal­ka­ra gu­ra­ma­sy­nyň (TÜRK­SOÝ) he­mi­şe­lik ge­ňe­şi­niň ýa­kyn­da ge­çen mej­li­sin­de oňa gat­na­şy­jy­lar türk­men hal­ky­nyň akyl­dar şa­hy­ry Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň 300 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li 2024-nji ýy­ly “Tür­ki dün­ýä­niň be­ýik şa­hy­ry we akyl­da­ry Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy ýy­ly”, Türk­me­nis­ta­nyň ga­dy­my Änew şä­he­ri­ni bol­sa 2024-nji ýyl­da “Tür­ki dün­ýä­niň me­de­ni paý­tag­ty” diý­lip yg­lan et­mek ha­kyn­da türk­men ta­ra­py­nyň öňe sü­ren baş­lan­gyç­la­ry­nyň bi­ra­gyz­dan gol­da­nan­dy­gy ba­ra­da­ky hoş ha­bar hal­ky­my­zy be­gen­dir­di we şöh­rat­ly ta­ry­hy­my­za buý­sanç dö­ret­di. Dün­ýä halk­la­ry­nyň ara­syn­da Türk­me­nis­tan iň ga­dy­my me­de­ni­ýe­tiň dö­rän we ösen ýe­ri hök­mün­de ta­nal­ýar. Ata-ba­ba­la­ry­myz müň­ýyl­lyk­la­ryň do­wa­myn­da te­bi­gy gö­zel­li­gi bi­len adam­za­dy özü­ne ben­di eden ýur­du­my­zyň çäk­le­rin­de ösen me­de­ni­ýet­le­ri dö­re­dip­dir­ler, gel­jek ne­sil­le­re baý ede­bi mi­ra­sy gal­dy­ryp­dyr­lar. Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň mert­li­gi, ba­tyr­ly­gy, wa­tan­çy­ly­gy nus­ga alar­lyk­ly bo­lup, onuň gal­dy­ran ede­bi mi­ra­sy du­ry aka­ba­ly, tä­miz göz­baş­ly çeş­me­dir. Ol Wa­ta­ny jan-dil­den sö­ýen, onuň gö­zel te­bi­ga­ty­ny wasp eden hy­juw­ly şa­hyr, ba­şar­jaň ter­bi­ýe­çi, wa­gyz-ne­si­hat­çy hök­mün­de tür­ki halk­la­ryň kal­byn­da uly orun al­dy.

Aý­je­ren Ýaý­ly­mo­wa,
Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let me­de­ni­ýet mer­ke­zi­niň Döw­let mu­ze­ýi­niň uly yl­my iş­gä­ri.
Beýleki habarlar