Gül-gülüstan, bagy-bossan Diýarym!

9 Noýabr 2022
1128

Uzakdan seredeniňde seleňläp görünýän, saýasy jana şypa berýän, şahalarynda guşlar gonup saýraýan, ýüz dürli miweleri bilen ynsan saglygyna melhem bolýan ýaşyl baglar Zeminiň bezegidir, ýaşaýşyň ýaraşygydyr. Bag ekmek ýaşaýan topragyňy, oba-şäheriňi, ýurduňy gözellige beslemekdir.

Halkymyz ýaşaýşyň çeşmesi bolan tebigata asyrlar boýy nusgalyk derejede aýawly çemeleşipdir. Onuň bilen ysnyşykly ýaşamagyň kämil ýollaryny bize miras goýupdyr. Pederlerimizden galan şol asylly ýörelgeler tebigata, ene topraga bolan egsilmez söýginiň nyşanydyr.

Dünýägözel Atabaýewa,
«Balkan».
Beýleki habarlar