Bagbanlara maslahat

9 Noýabr 2022
1254

Dekabr aýynda toprakda yzgar toplamak maksady bilen baglara gyş suwy tutulýar. Miweli baglaryň zyýankeşlerine we kesellerine garşy derman sepilýär. Agaçlary kesip, timarlamak işleri dowam etdirilýär. Bu iş agaçlaryň ýapraklary düşüp başlandan, tä ýazda pyntyklaýan döwrüne çenli, ýagny, gyşda olaryň uka gidýän wagtynda geçirilýär. Howanyň sowuklygy 5-7 derejeden aşak düşen ýagdaýynda agaçlary kesmek işi togtadylýar. Agaçlar kesilip, timarlanylanda, şahany çykyntgy goýup kesmeli däl. Sebäbi galdyrylan çykyntgy soňra gurap, agajyň esasy şahasynyň içinde gury, boş ýeriň emele gelmegine getirip, onuň ýaşaýyş güýjüni peseldýär. Agaçlaryň şahasy egrelýän ugruna kesilse, dogry kesim hasaplanylýar. Kesiljek şaha ýokary tarapyndan esasy şaha golaýrak, aşaky tarapyndan bolsa az-kem daşrak edip kesilýär. Miweli baglaryň nahallaryny howanyň aýazsyz wagty oturtmaly.

(Metbugat maglumatlary esasynda taýýarlanyldy)
Beýleki habarlar