Gadymy medeniýetiň mekany

1 Noýabr 2022
1557

31-nji oktýabrda Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mejlisler zaly köp adamly boldy. Ol gün bu ýerde Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirligiň guramagynda ady agzalan institutyň mugallymlarynyň, talyplarynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda görnükli alym Nadežda Dubowa «Türkmenistan: Goňurdepe — Marguş ýurdunyň paýtagt şäheri» atly sapak gurady.

Alymyň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň häzirki ýerleşýän ýerinde Murgabyň akymynda bürünç eýýamynyň suwarymly medeniýetiniň Margiana ady bilen ýa-da Marguş medeniýetiniň dörändigi barada örän baý maglumatlar getirildi. Bu medeniýeti taryhy jähetden açmakda Wiktor Iwanowiç Sarianidi köp ýyllaryň dowamynda gazuw-agtaryş işlerini geçirdi. Häzirki günde şol işleriň netijeleri, jemleri boýunça W.I. Sarianidi we onuň kärdeşleri VII jiltlik kitaplary we makalalary çap etdi. Ol işleriň mazmunynda Merkezi Aziýanyň ýüregi giň sährada selçeň ýerleşýän oturymly ýerleriň bolandygyny, şol sähralyklarda tutuş ýurduň dörändigini aýan etdiler.

Altyngül GARAÝEWA,
«Mugallymlar gazeti».
Beýleki habarlar