Taryhy tapyndylar

28 Oktýabr 2022
1713

Ertir ýurdumyzda Türkmen alabaýynyň baýramy belleniler. Haly, bedew at, şaý-seplerimiz ýaly gymmatlyklarymyza uly sarpa goýýan halkymyzyň alabaýlara bolan hormaty hem belentdir. Baýramçylygyň golaýlap gelýän günlerinde Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzda resmi saparda bolan Özbegistan Respublikasynyň Prezidentine Alabaý atly türkmen alabaýyny sowgat bermegi ýatdan çykmajak wakalaryň biri boldy.

Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen alabaýy» atly kitabynda: «Türkmen alabaýynyň zandynda bar ukyplary halkymyzyň pähim-paýhas baýlygyna öwrülip, iňňän irki döwürlerden bäri ýaşaýar. Türkmen alabaý itleri özboluşly milli medeniýetimiziň aýrylmaz bir bölegi bolup durýar. Alabaý güýçli, ýanbermezek hem-de wepalydyr. Alymlaryň biriniň sözlerine mysal hökmünde salgylanmak isleýärin. Ol: «Men alabaýyň bedewimiz bilen deňeçerräk, hatda ondan hem öňräk dörändigine ynanýaryn. Sebäbi adam onsuz ýaşap bilmez diýipdi» diýen sözler bar. Türkmen alabaýynyň müňýyllyklara uzap gidýän taryhy bar. Ony ýurdumyzdaky taryhy ýadygärliklerde geçirilen arheologik gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde ýüze çykarylan tapyndylar hem, ýazuw ýadygärlikleri hem doly subut edýär.

Nagmatylla AMANLYÝEW,
TYA-nyň Taryh we arheologiýa institutynyň hünärmeni.
Beýleki habarlar