Ta­ry­hyň gat­la­ry­ny açyp...

21 Oktýabr 2022
1586

Yh­las­ly zäh­met, ir­gin­siz göz­leg­ler ada­my kä­mil­li­ge ýe­tir­ýär. Za­mi­ra Us­ma­no­wa türk­men ar­heo­lo­gi­ýa­sy­na we ta­ry­hy­na uly go­şant go­şan gör­nük­li alym­dyr. Ol özü­niň uzak wag­tyň do­wa­myn­da top­lan mag­lu­mat­la­ry­nyň esa­syn­da Mer­wiň ýa­şy­nyň 2700 ýyl bo­lan­dy­gy­ny il­kin­ji bo­lup kes­git­le­me­gi ba­şar­dy. Bu se­nä­niň yl­my esas­lan­dyr­ma­sy­ny bol­sa 1992-nji ýyl­da Lon­don­da çap edi­len «Ga­dy­my Mer­wiň tä­ze mag­lu­mat­la­ry» at­ly ma­ka­la­syn­da be­ýan et­di.

Za­mi­ra Us­ma­no­wa 1932-nji ýyl­da Sa­mar­kant­da gul­luk­çy maş­ga­la­syn­da dün­ýä inip­dir. Onuň ça­ga­lyk, okuw­çy ýyl­la­ry Türk­me­nis­tan­da geç­ýär. Ka­ka­sy Ys­ma­ýyl Us­ma­now ho­wa men­zi­li­niň ýol­baş­çy­la­ry üçin okuw kur­su­ny gu­ta­ran­dan soň, 1932-nji ýyl­da Ker­ki şä­he­ri­ne ho­wa men­zi­li­ni gur­mak üçin ibe­ri­lip­dir. Soň­ra ony Dört­gü­le, Çim­ba­ýa, Ür­gen­je, Türk­me­na­ba­da, Da­şo­gu­za hem ibe­rip­dir­ler.

Nur­gö­zel BÄ­ŞI­MO­WA,
Türk­me­nis­ta­nyň Ylym­lar aka­de­mi­ýa­sy­nyň Ta­ryh we ar­heo­lo­gi­ýa ins­ti­tu­ty­nyň baş yl­my iş­gä­ri.
Beýleki habarlar