Boldumsazyň taryhy

19 Oktýabr 2022
2188

Türkmeniň asyrlara uzaýan gadymy we wakalara baý taryhynda entek açylmadyk sahypalar kän. Şol sahypalaryň biri hem welaýatymyzyň Boldumsaz etrabynyň Medeniýet geňeşliginde ýerleşýän Boldumsaz galasydyr.

Boldumsaz — b.e. I-XII-XVIII asyrlary bilen senelenýän gadymy gala. Ýadygärlik Daşoguz — Boldumsaz awtomobil ýolunyň 27-nji kilometrinde, Boldumsaz şäherçesiniň 12 kilometr gündogar tarapynda ýerleşýär. Gala dörtgyraň görnüşde bolup, diwarlary çig kerpiçden örülen. Belli bir beýikliginden ýokarsynda pagsanyň yzlary görnüp dur. Ýadygärlik gurluşykda berkligi bilen tapawutlanan ak toýundan galdyrylan gala diwarlaryna çalym edýär. Boldumsaz galasynyň gündogar-demirgazyk burçunda diňiň yzy aýyl-saýyl bilnip dur, bu hem, elbetde, galanyň berkitme galasy bolandygyna şaýatlyk edýär. Diýmek, Boldumsaz galasy berkitme hökmünde ulanylyp, galanyň töwereginde rysgal-bereketli durmuş gaýnap joşandyr diýip çaklamak bolar.

Laçyn NURMEDOWA,
welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň hünärmeni.
Beýleki habarlar