Türkmen kepderisi

18 Oktýabr 2022
1802

Adamzadyň aňynyň, akyl-paýhasynyň ösüşiniň dowamynda döreden maddy hem ruhy gymmatlyklary örän kän. Türkmen halky hem uzak taryhy döwrüň dowamynda ajaýyp maddy we ruhy gymmatlyklary döredip, dünýä medeniýetiniň ösüşine uly goşant goşan halklardandyr. Türkmen halkynyň paýhasly wekilleri tarapyndan döredilip, inçe sungat derejesine ýetirilen maddy gymmatlyklar medeni mirasyň özenini düzýän baýlyklardyr. Ökde seýisleriň seýisläp kemala getiren «adam ýaly syzýan» gamyşgulak bedewlerem, ynsanyň wepadar dosty alabaý item, awçylaryň kömekçisi bolan elguşlaram, aw tazylaram... garaz, sanasaň sogaby kän. Halallyk zandyna guýlan halkymyz bu gymmatlyklary gözüniň görejine deňäp, aýap saklap, kämilleşdirip, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne hem ýetiripdir.

Türkmen halky öz döreden gymmatlyklarynyň ählisini uzak wagtlaryň dowamynda timarlap, sünnäläp, has kämil derejelere ýetirmegiň hötdesinden gelipdir. Türkmen bedewleri, alabaý itleri ýaly, türkmen kepderileri hem döredilen gymmatlyklaryň naýbaşylaryndan biridir. Kepderiler parahatçylygyň, asudalygyň jarçysydyr, simwolydyr. Uzak asyrlaryň dowamynda kämilleşdirilip, eldekileşdirilip gelnen türkmen kepderileri bu gymmatlyklaryň arasynda göreni özüne bendi edip goýýan, täsin sungat derejesine ýetirilen maddy baýlykdyr.

Annamyrat RAHMANOW,
Aşgabat şäherindäki 105-nji orta mekdebiň taryh mugallymy.
Beýleki habarlar