Gadymy sekizburç şekilli kirlik

15 Oktýabr 2022
2299

Türkmen halkynyň dünýä medeniýetine goşan gymmatlyklary, ene-mamalarymyzyň elinden çykan sungat derejelerine ýetirilen el işleri, egin-eşikleri, esasan-da, çaga eşikleriniň hakyky nusgalary taryhy we ülkäni öwreniş muzeýlerinde saklanylýar. Türkmen halkymyzyň çagalaryna niýetlän eşikleri sanardan köpdür. Şeýle çaga eşikleriniň biri-de ene-mamalarymyzyň elinden sünnälenip edilen çagalara niýetlenen kirlikdir. 

Olar, esasan-da, Oguz han atamyzdan gelýän sekizburç şekil bilen baglanyşdyrylyp, çagalara niýetlenip tikilipdir. Ata-babalarymyz ir döwürlerde sekiz sany burçy agzybirligiň, bereketliligiň, rysgal-döwletiň hem-de goragyň nyşany hökmünde kabul edipdirler. Eli çeper zenanlarymyz olary ussatlyk bilen ýerine ýetiripdirler. El keşdeleri bilen bezelen kirlik elde dokalan matalaryň böleklerinden gurnalyp tikilýär. Olar, esasan, burçlaýyn eplenen dörtburç mata bolup, her tarapyna üçburç şekilli bir gulak tikilýär. Egniniň üstünden boýunýaka oýulyp, iki egniniň üstünden çäk goýulýar. Kirlik işliklenýär we ýakasyna jähek salynýar, gyralaryna bolsa seçek tutulýar. Kirligiň ýüzi tutuşlaýyn ýa-da gyralary keşdelenýär. Kirligiň esasy bezegi nagyş bolansoň, oňa köp şaý dakylmaýar. Onuň ýüzüne «toýnuk», «guşgözi», «ömür daragty», «gülýaýdy» ýaly nagyşlar salynýar. Kirlik köýnegiň ýa-da kürtäniň üstünden öňlük hökmünde geýlipdir. Köplenç, onuň öňi we yzy tegelek ownuk çapraz we has iri apbasylar bilen bezelipdir. Sekizburçluk geçmiş taryhymyza-da ornapdyr. Marguş döwletinde sekizburçly möhürleriň tapylmagy hem muny aýdyňlygy bilen görkezýär. Gorag hökmünde ulanylýan sekizburçluk şekili çagalarymyzyň hem goraýjysy bolup hyzmat edipdir.

Töre NOBATOW,
Mary welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň direktory. Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri.
Beýleki habarlar