Gadymy tapyndylar

7 Oktýabr 2022
1897

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda halkymyzyň bäş müň ýyllyk taryhynyň dowamynda döreden gymmatlyklaryny gorap saklamak, öwrenmek we wagyz etmek işleri mynasyp dowam etdirilýär. Bu asylly işe ýurdumyzyň welaýat merkezlerindäki muzeýler hem goşant goşýarlar. Mary welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde taryhy-medeni goraghanalardan tapylan eksponatlary ylmy taýdan öwrenmek, rejelemek hem-de halkymyza ýetirmek üçin ähli şertler döredilendir.

Häzirki wagtda Mary welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde dürli döwürlere degişli bolan taryhy tapyndylaryň ençemesi saklanylýar. Olaryň biri-de gelin-gyzlarymyzyň has gadymky döwre degişli bolan pil süňkünden ýasalan şirmaýy daragydyr. Pil süňkünden ýasalan daraklar türkmen topragynyň üstünden geçen gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň halklaryň özara söwda, medeni we dostluk gatnaşyklaryna ýetiren täsirine şaýatlyk edýär. Bu barada Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly iki jiltli kitabynyň mazmunynda giňişleýin gürrüň berilýär.

Töre NOBATOW,
Mary welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň direktory, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri.
Beýleki habarlar