ÝUNESKO-nyň täze kluby açyldy

7 Oktýabr 2022
1950

5-nji oktýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Parahatçylyk medeniýeti» atly ÝUNESKO-nyň kluby dabaraly ýagdaýda açyldy. Dabara ÝUNESKO-nyň  işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň jogapkär sekretary, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda hereket edýän «Parahatçylygyň dilleri» atly  ÝUNESKO klubynyň  agzalary we institutyň mugallymlarydyr talyplary gatnaşdy.

Açylyş dabarasynda bellenilişi ýaly, ÝUNESKO-nyň klubunyň döredilmegi ýaşlaryň arasynda döredijilik we gözleg işleriniň ösdürilmegine, ýurduň medeni gymmatlyklary, däp-dessurlary barada bilimleri çuňlaşdyrmaga ýardam eder. Dabara bilen utgaşdyrylyp geçirilen maslahatyň barşynda ÝUNESKO-nyň alyp barýan işleri bilen bagly resminamalardyr maglumatlar bilen tanyşdyryldy. Şeýle hem täze açylan klubyň iş meýilnamasy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Aýgül HALMYRADOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby.
Beýleki habarlar