Orta asyr binagärliginde syrça bezegleri

7 Oktýabr 2022
1810

Günorta Türkmenistanyň orta asyr binagärlik ýadygärlikleri Gündogar halklarynyň arasyndaky medeni gatnaşyklary görkezýän aýdyň subutnamadyr. Orta asyrlarda yslam binagärlik sungatynyň çeperçilik ýörelgesinde has kämil eserler döredilipdir. Ägirt uly desgalaryň gurluşygynda ussalar binalary kämil derejä ýetiripdirler. Bezeliş ýörelgesi näçe kaşaň, çeper bolsa-da, ol bezegler ymaratyň gurluşynyň ýönekeýligini we syrdamlygyny gazanmak üçin ulanylypdyr.

Şol döwrüň binagärlik ýadygärliklerinde duş gelýän epigrafik, geometrik nagyşlar bilen sazlaşykda çigildem we beýleki gülleriň çeper nagyşlary sungatyň kämil derejä ýetendiginiň subutnamasydyr. Orta asyr arhitektura ýadygärliklerinde duş gelýän çigildem şekilleri döwrüň binagärlik sungatyndaky ösümlik nagyşlarynyň esasylarynyň biri bolup, asudalygyň, parahatçylygyň, durnuklylygyň nyşany hökmünde suratlandyrylypdyr.

Leýli REJEBOWA,
Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýiniň işgäri.
Beýleki habarlar