Gowy adamlar ýatdan çykmaýarlar

30 Sentýabr 2022
1845

Il-ýurduň abadançylygy we asudalygy ugrunda janlaryny aýaman göreşen ildeşlerimiziň, şeýle hem Aşgabat ýertitremesinde wepat bolanlaryň ýagty ýadygärligini hatyralamak milletimiziň kalbynyň arassalygyna, gowy adamlaryň bitiren ajaýyp işleriniň unudylmaýandygyna güwä geçýär. Hatyra güni mynasybetli mekdebimizde geçiren çärämizde hem 1941—1945-nji ýyllaryň urşunda, Watan ugrundaky beýleki söweşlerde janlaryny gurban edenler, şeýle hem Aşgabat ýertitremesinde wepat bolanlar barada watançylyk söhbedi guraldy.

Watany goramak ugrunda söweşlere gatnaşan ildeşlerimiziň edermenlikleri hakynda guralan söhbet ýaşlarda uly täsirleri galdyrdy. Watançylyk söhbedinde Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň pederi Berdimuhamet Annaýewiň ömri we gahrymançylykly söweş ýoly hakynda hem gyzykly gürrüň edildi. Gahryman Arkadagymyzyň Berdimuhamet Annaýewiň ömür ýoly hakynda gürrüň berýän «Älem içre at gezer» atly kitabyndan parçalar okaldy. Şol parçalarda zähmetsöýer we işine jogapkärçilik bilen garaýan zehinli mugallymyň we gaýduwsyz esgeriň, halkyna gaýtalanmajak durmuş gözelligine aýawly çemeleşmegi ündeýän, Aşgabat ýertitremesinde wepat bolan Berdimuhamet Annaýewiň keşbi dikeldildi. Güýçli şahsyýet hökmünde onuň bilim we terbiýe bermegiň usullaryny kämilleşdirmek boýunça galdyran maslahatlarynyň häzirki wagtda Watana we il-gününe hyzmat etmekde bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyklar hökmünde giňden peýdalanylýandygyna üns çekildi.

Patma ILAMANOWA,
Çärjew etrabyndaky 3-nji orta mekdebiň mugallymy.
Beýleki habarlar