Barlygyň baýlygy

20 Sentýabr 2022
1520

Eziz Diýarymyzyň baý ösümlik we haýwanat dünýäsi, tebigy baýlyklary, aňyrsyna-bärsine göz ýetmeýän Garagum sährasy, belent-belent gerişli daglary, jana tenekar howasy bar.

Häzirki wagtda tebigy baýlyklary rejeli ulanmak, ýer-suw serişdelerini netijeli peýdalanmak, topragyň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, çölleşmä garşy göreşmek, biodürlüligi gorap saklamak ýaly ugurlaryň her biri babatda oňyn tejribeler toplanyldy. Aýdylanlara mysal hökmünde ýurdumyzyň welaýatlarynda, paýtagtymyz Aşgabat şäherinde her ýylda köpçülikleýin bag ekmek çäresiniň geçirilmegi bilen Watanymyzyň bagy-bossanlyga öwrülmegini, «Altyn asyr» Türkmen kölüniň gurulmagyny görkezmek bolar. Asyryň iri taslamasy bolan «Altyn asyr» Türkmen köli zeý suwlaryny has netijeli peýdalanmaga, ony ägirt uly suw howdany bolan kölde jemlemegiň hasabyna, ýurdumyzyň suw gorlarynyň möçberiniň ep-esli artmagyna mümkinçilik döredýär.

Merdan PIRLEKOW,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň mugallymy.
Beýleki habarlar