Üzüm — taryhy çeşmelerde

20 Sentýabr 2022
1848

Türkmeniň sahawatly topragynda ösüp ýetişýän dürli ir-iýmişler pederlerimiziň asyrlaryň dowamynda ykbalyny ene topraga baglap, dürli miweleri ýetişdirendigine şaýatlyk edýär.

Geçen asyryň başlarynda, ýagny 1904-nji ýylda amerikan alymy R.Pampelliniň, 1926-njy ýylda dünýä medeni ösümlikleriniň gelip çykyşyny öwrenen akademik N.I.Wawilowyň, meşhur alymlar W.W.Bartoldyň, S.P.Tolstowyň, W.I.Sarianidiniň, M.Ý.Massonyň we beýlekileriň ylmy-barlag işlerinde, şeýle-de orta asyr grek, arap-pars, türk taryhçylarynyň ýazgylarynda türkmen topragynyň dünýä ekerançylygynyň iň gadymy ojaklarynyň biridigi nygtalýar. Taryhy maglumatlara görä, Türkmenistanyň 7-8 müňýyllyk ekerançylyk taryhyny özünde jemleýän Goňurdepe, Damdamçeşme, Jebel, Uzboý, Was, Pessejikdepe, Jeýtun, Göksüýri, Artyk, Altyndepe, Namazgadepe, Änew ýaly gadymy ýerlerinde dürli ekinler bilen bir hatarda datly üzümiň dürli görnüşleri hem ýetişdirilipdir. Şunuň bilen baglylykda, türkmeniň sahawatly topragynda ýetişýän üzümler hakynda taryhy ýazgylarda getirilýän maglumatlaryň käbirine garap geçeliň.

Atamyrat ŞAGULYÝEW.
Beýleki habarlar