Ekologiýa abadançylygy — dünýäniň abatlygy

14 Sentýabr 2022
1597

16-njy sentýabrda dünýäniň ýurtlary Ozon gatlagyny goramagyň halkara gününi belläp geçýär. Ýurdumyzda daşky gurşawy we atmosferany goramak meselelerine aýratyn ähmiýet berilýär. Atmosferanyň möhüm düzüm bölegi bolan ozon gatlagyny hapalaýjy zyýanly zyňyndylaryndan goramak, bug we metan gazlarynyň howa aralaşmagynyň derejesini azaltmak babatdaky işler sazlaşykly durmuşa geçirilýär.

Türkmenistan atmosferany goramak boýunça BMG-niň ekologiýa howpsuzlygy baradaky ylalaşyklary boýunça konwensiýalaryna işjeň gatnaşýar. Hususan-da, Howanyň üýtgemegi boýunça BMG-niň Çarçuwaly konwensiýasyny we onuň Kiota teswirnamasyny, Pariž ylalaşygyny, ozon gatlagyny goramak boýunça Wena konwensiýasyny tassyklamak bilen, öz üstüne alan borçnamalaryny yzygiderli ýerine ýetirýär. Ýurdumyzda atmosfera howasyny senagat önümçilikleriniň zyýanly zyňyndylaryndan goramak, «ýaşyl» ykdysadyýet ýörelgelerini giňden ornaşdyrmak, pes uglerodly energetika geçmek, howanyň hapalanmagynyň öňüni almak boýunça halkara ekologiýa kadalaryna laýyk getirmek üçin giň gerimli taslamalar durmuşa geçirilýär.

Hajybaý ANNAÝEW,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar