Jennet mekan - Türkmenistan

7 Sentýabr 2022
1679

Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmekde durmuş-ykdysady ugurlar bilen birlikde, ilkinji nobatda, ekologiýa howpsuzlygyny, daşky gurşaw bilen adamzat ýaşaýşynyň sazlaşygyny gazanmak möhüm çözülmeli wezipeleriň biri bolup durýar. Barha senagatlaşýan häzirki zaman dünýäsi daşky gurşawa aýawly çemeleşmek, tebigaty arassa saklamak, ekologiýa ýagdaýlary boýunça halkara hyzmatdaşlygyny has-da berkitmek, hukuk binýadyny pugtalandyrmak, bu ugurda özara gatnaşyklaryň ylalaşyklaryny kemala getirmek ýaly gaýragoýulmasyz wezipeleriň çözgütlerine zerurlygy öňe çykardy.

Bilşimiz ýaly, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek baradaky tagallalarda häzirki wagta çenli dünýä, halkara derejesinde umumadamzat bähbitlerini nazarlaýan ençeme maslahatlar, sammitler geçirildi. Bitewülik ýörelgelerini talap edýän şeýle gaýragoýulmasyz möhüm wezipelerde Türkmenistanyň ýurt Garaşsyzlygynyň ilkinji günlerinden başlap, şeýle hem hemişelik Bitaraplyk syýasatyna esaslanyp, ählumumy tagallalaryň zerurdygyny ynamly öňe sürmegi, bu babatdaky başlangyçlary bütin dünýäde giň goldawa eýe boldy.

Akmaral WELIÝEWA,
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň hünärmeni.
Beýleki habarlar