Bahasyz baýlygyň goragynda

31 Awgust 2022
1562

Ýurdumyzda tebigy gözellikleriň goralyp saklanylmagynda, ilatyň ekologiýa düşünjeleriniň ösdürilmeginde Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň alyp barýan işleriniň hem möhüm orny bardyr. Bu jemgyýet 1968-nji ýylda döredilip, ol daşky gurşawy goramak, tebigatdan rejeli peýdalanmak, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek boýunça giň möçberli ylmy, wagyz-nesihat, aň-bilim, amaly işleri alyp barýar. Bu guramanyň esasy maksady ülkämizde tebigaty goramakda jemgyýetçilik işlerine ýolbaşçylyk etmekden we sagdyn, ekologiýa abadançylygy ugrundaky jemgyýetçilik hereketlerini goldamakdan, şu hereketiň esasynda tebigy baýlyklary aýawly saklap, gaýtadan dikeldip, goramak, peýdalanmak boýunça raýatlaryň höwesjeňligini we işjeňligini ösdürmekden, bu babatdaky döwlet syýasatlaryny goldamakdan ybaratdyr.

Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýeti Diýarymyzda umumymilli jemgyýetçilik guramasy bolup, işini höwesjeňlik bilen öz-özüni maliýeleşdirip dolandyrmak we guramak usulynda alyp barýar. Tebigaty goramak jemgyýeti ähli jemgyýetçilik, ylmy döredijilik birleşikleri, döwlet guramalary bilen, şeýle-de alyp barýan işleri tebigaty goramak meselelerini çözmäge gönükdirilen beýleki guramalar bilen hyzmatdaşlyk edýär. Jemgyýetiň guramaçylyk işi hyzmatdaşlyk, deňhukuklylyk şertlerinde amala aşyrylyp, özara bähbitlerdir maksatlaryň umumylygy bilen kesgitlenilýär.

Sähragul SAIDALYÝEWA,
Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň welaýat bölüminiň hünärmeni.
Beýleki habarlar