Ekologiýa abadançylygyny nazarlap

24 Awgust 2022
1399

Ýurdumyzda daşky gurşawy goramaga, tebigy baýlyklaryň netijeli peýdalanylmagyny üpjün etmäge, ýaş nesillerde tebigata söýgini artdyrmaga gönükdirilen işler giň gerimde alnyp barylýar. Täsin tebigatymyzy gorap saklamak, ony netijeli peýdalanmak, şol baýlyklary halkymyzyň eşreti üçin ulanmak, ýurtda we sebitde ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek baradaky tagallalar Türkmenistanyň ykdysady, medeni we durmuş taýdan ösüş ýolunyň esasy ugrudyr.

Türkmenistan daşky gurşawy we atmosferany goramak boýunça halkara hyzmatdaşlygyna goşulmak bilen, BMG-niň ekologiýa howpsuzlygy meseleleri boýunça konwensiýalaryna işjeň gatnaşýar. Olaryň hatarynda Howanyň üýtgemegi boýunça BMG-niň Çarçuwaly konwensiýasyny, Azon gatlagyny goramak boýunça Wena konwensiýasyny, Çölleşmä garşy göreş boýunça BMG-niň konwensiýasyny, Howply galyndylaryň serhetüsti daşalmagyna we ýok edilmegine gözegçilik etmek boýunça Bazel konwensiýasyny, Biodürlülik baradaky konwensiýasyny, Howanyň üýtgemegi boýunça BMG-niň Çarçuwaly konwensiýasyna degişli Kiota teswirnamasyny, Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak boýunça Çarçuwaly konwensiýasyny, Merkezi Aziýanyň durnukly ösüşi üçin daşky gurşawy goramak boýunça Çarçuwaly konwensiýasyny görkezmek bolar.

Aýgül ANNAKURBANOWA,
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty, Halkara we parlamentara aragatnaşyklar baradaky komitetiň agzasy.
Beýleki habarlar