Hazar — tebigatyň baýlygy, genji

10 Awgust 2022
906

Tylla Günüň şöhlesine tolkunlary birgeňsi öwşün atýan gojaman Hazar deňzi bu gün has-da joşýana meňzeýär. Bu neneň şeýle bolmasyn?! Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda awgust aýynyň başyndan mawy Hazar deňziniň gündogar kenarynda il-ýurt bähbitli dabaraly çärelere giň gerim berildi. Arkadagly Serdarymyzyň gatnaşmagynda deňziň ekologiýa taýdan iň arassa türkmen kenarynda — «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç alýanlar üçin nobatdaky kottejler toplumynyň açylyş dabarasy uludan tutuldy. Demirgazyk — Günorta ulag geçelgesiniň ugrunda, Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän täze awtomobil köprüsiniň düýbüni tutmak dabarasy ýatdan çykmajak täsirli pursatlara beslendi. Ynha, ertir bolsa, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Hazar deňziniň güni mynasybetli her ýyl geçirilmegi däbe öwrülen maslahat we beýleki ugurdaş çäreler badalga alar.

12-nji awgust — Hazar deňziniň güni. Bu sene Hazarýaka döwletleri tarapyndan ýerine ýetirilýän Hazar ekologik maksatnamasynyň çäklerinde işlenip düzülen we 2003-nji ýylyň noýabrynda Tähran şäherinde kabul edilen Hazar deňziniň deňiz gurşawyny gorap saklamak boýunça çarçuwaly Konwensiýanyň ähli Hazarýaka döwletleri tarapyndan 2006-njy ýylda tassyklanandan soňra, resmi taýdan güýje giren günüdir. Şol günden bäri bu ekologik sene halkara derejede uly dabara bilen bellenip geçilýär. Hazar deňziniň gününiň her ýylda halkara derejede bellenip geçilmeginiň esasy maksady bu täsin suw giňişligini hapalanmakdan goramak boýunça zerur çäreleri durmuşa geçirmekden, şeýle hem Hazaryň biologik baýlyklaryny gorap saklamakdan, dikeltmekden, durnukly we rejeli peýdalanmakdan, ilatyň bular baradaky ekologik bilimini baýlaşdyrmakdan we ekologiýa medeniýetini kämilleşdirmekden ybaratdyr. Bu sene Hazar deňziniň tebigy baýlyklaryny, ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamagyň möhüm meselelerine giň jemgyýetçiligiň ünsüni çekmäge mümkinçilik berýär.

Öwlüýaguly Gurbanow,
Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň Balkan welaýat bölüminiň başlygy.
Beýleki habarlar