Diýarymyzda ekologiýa abadançylygy

10 Awgust 2022
1048

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda gözel tebigatymyzy we onuň biodürlüligini goramak, ýer-suw baýlyklaryny rejeli peýdalanmak, ýurdumyzda ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek babatda durmuşa geçirilýän döwlet syýasaty Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe barha rowaçlanýar. Bu ugurda dünýä döwletleri hem-de abraýly halkara guramalar bilen möhüm hyzmatdaşlyklar ýola goýulýar.

Ýurdumyzda ekologiýa abadançylygyna dahylly kanunçylyk namalaryny kämilleşdirmek, möhüm halkara konwensiýalaryna goşulyşmak babatda zerur çäreler amala aşyrylýar. Günleri bagtyýarlyga, rowaçlyga beslenýän gözel Diýarymyzyň ähli künjegini bagy-bossanlyga, gülzarlyga öwürmek, şorlaşan ýerleri dikeltmek we ekerançylyk ýerleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmak işine möhüm ähmiýet berilýär. Garagum sährasynyň goýnunda döredilen «Altyn asyr» Türkmen köli munuň aýdyň mysalydyr. Bu köl ekerançylyk ýerleriniň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak bilen bir hatarda, tebigatymyzyň ösümlik we haýwanat dünýäsiniň baýlaşmagynda hem uly orun eýeleýär. Häzirki wagtda kölüň daş-töwereginde tokaý zolaklaryny döretmek babatda zerur işler amala aşyrylýar. Şonuň ýaly-da, Köpetdagyň eteginde uly tokaý-seýilgäh zolaklarynyň döredilmegi ýurdumyzda tebigaty goramak babatda giň gerimde durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň aýdyň netijeleridir. Bu ugurda durmuşa geçirilýän asylly işler hakynda gürrüň edilende, Bötendagda döredilýän tokaý zolaklary barada hem buýsanç bilen nygtap geçmek zerurdyr.

Mira ARTYKOWA,
Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň welaýat bölüminiň hünärmeni.
Beýleki habarlar