Gözel we tämiz şäher

3 Awgust 2022
910

Jemagat hojalygynyň işgärleri hünär baýramlaryny elmydama zähmet sowgatlary bilen garşylaýarlar. Baýramçylyk şatlygy olaryň işlerine siňdirýän söýgi-yhlaslarynda hem aýdyň görünýär. Türkmenabadyň arassaçylyk müdirliginiň başlygy Gapur HALLYÝEW bilen baýramçylyk söhbetdeşligimiz hem müdirligiň işçi-hünärmenleriniň arakesmesiz alyp barýan işlerine bagyşlandy:

— Owadandan owadan binalar, giň köçelerdir seýilgähler şäherimiziň görküne görk goşýar. Günsaýyn özgerýän şäherimiziň gül keşbi ýaşaýjylarynyň göwünlerini göterýär, olary belent işlere galkyndyrýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda gözelligine her gün gözellik goşulýan gadymy, ýöne juwan görünýän şäherimizi abadanlaşdyrmak, tämiz saklamak biziň işgärlerimiziň gönüden-göni borçlary bolup durýar. Biziň işimize şäherimiziň tämizligi we abadanlygy, gözelligi arkaly baha berilýändigine hem düşünýäris. Bu bolsa işe bolan jogapkärçiligimizi has-da güýçlendirýär. Şäherimiziň has owadanlaşmagyny, arassa bolmagyny, ekoabadançylygynyň berkemegini gazanmak biziň işimizde esasy talap bolup durýar. Bu talaby berjaý etmek üçin ak ýürekden zähmet çekýäris. Sähelçe kemçilik hem uly bir amatsyzlygy döredip bilýär. Bu näsazlyklaryň döremegine ýol bermezlik bize hem köp derejede bagly bolup durýar. Işçi-hünärmenlerimiziň 560-dan gowragy şäherimiziň göze gelüwli görünmegi üçin ak ýürekden aladalanýar. Olar hormatly Prezidentimiziň adamlaryň ýaşaýyş-durmuşynda amatly şertleriň döredilmegini üpjün etmek baradaky tabşyryklaryny günübirin ýerine ýetirýärler. Işimiziň hilini hernäçe gowulandyrsaň hem göwnüňe az ýaly bolup görünýär. Şeýle duýgy hünärmenlerimiziň her birine mahsusdyr. Yssy diýmän, sowuk diýmän, öz iş orunlarynda meýilleşdirilenleri yzygiderli durmuşa geçirýärler. Arassaçylyk we abadançylyk işleri näçe ýokary derejede guraldygysaýyn durmuşymyz şonça-da gowulyklara beslenýär. Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek barada hormatly Prezidentimiz taýsyz tagallalary edýär. Daşky gurşawyň gözelligi, abadançylygy biziň hem baş aladamyz bolup durýar.

Beýleki habarlar