Ekologiýa abadançylygy — jemgyýetiň goraglylygynyň kepili

3 Awgust 2022
1250

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ekologiýa abadançylygyna aýratyn üns berilýär. Ekologiýa abadançylygy — durnukly ösüş konsepsiýasynyň möhüm ugurlarynyň biri bolmak bilen, bu ugurda öňde durýan wezipeleri, adamlaryň abadan durmuşda ýaşamagy, olaryň saglygy baradaky aladalary öz içine alýar. Ata Watanymyzda halkymyzyň asuda, abadan, parahat durmuşda ýaşamagy, işlemegi üçin ähli oňyn şertler döredilen. Ilatyň arassa howada dynç almagy, bedenterbiýe bilen meşgullanmagy, sagdyn durmuş ýörelgelerine yzygiderli eýermekleri üçin hem ähli mümkinçilikler bar. Şeýlelikde, raýatlaryň arasynda ekologiýa hem-de adam saglygyna zyýanly bolan endiklerden gaça durmak baradaky düşündiriş işleri, wagyz-nesihat çäreleri yzygiderli geçirilýär. Bu bolsa ösüp gelýän ýaş nesliň sagdyn we berk bedenli bolup ýetişmegi üçin möhüm şert bolup durýar.

Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, onuň tebigy baýlyklaryna, ösümlik we haýwanat dünýäsine aýawly çemeleşmek, gözel tebigatymyzy öwrenmek, baýlaşdyrmak meselelerine-de aýratyn uly üns berilýär. Şeýle maksatlar nazara alnyp, güneşli Diýarymyzda Milli tokaý maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär, onuň çäklerinde tokaý we seýilgäh zolaklarynyň meýdany giňeldilýär. Ýurdumyz boýunça her ýyl däp bolup gelýän saýaly, pürli, miweli agaçlary, üzüm nahallaryny ekmek, bar bolanlaryna ideg etmek ýaly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Soňky ýyllarda tebigatymyzy goramak bilen baglanyşykly ençeme möhüm işler durmuşa geçirilip, bu ugra degişli kanunlar, kararlar kabul edildi. Olaryň hatarynda «Ekologiýa howpsuzlygy hakynda», «Ösümlik dünýäsi hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary, «Türkmenistanyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasy» we beýlekiler aýratyn bellärliklidir. Bu ugurda hereket edýän kanunçylygyň kämilleşdirilmegi döwletimizde ekologiýa syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Raziýa GAÝYPJANOWA,
«Daşoguz habarlary».
Beýleki habarlar