Tebigat gözellikleri — milli baýlygymyz

27 Iýul 2022
959

Baý ösümlik we haýwanat dünýäsi bilen tapawutlanýan ýurdumyzyň gözel tebigaty adamlary özüne maýyl edýär. Şeýle bolansoň, tebigatymyzy gorap saklamak, tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmak, ýurdumyzyň ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek meselelerine uly ähmiýet berlip, bu babatda döwlet derejesinde uly işler alnyp barylýar. Daşky gurşawyň arassalygyny, tebigat gözelliklerini gorap saklamakda, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmekde, ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary önümçilige yzygiderli ornaşdyrmakda, biologiki köpdürlüligi baýlaşdyrmakda hem-de tebigatymyz bilen baglanyşykly beýleki meselelerde durmuşa geçirilýän döwletli tutumlar, gazanylýan üstünlikler munuň aýdyň subutnamalarydyr.

Tebigatymyzy goramak barada eziz Diýarymyzda alnyp barylýan köptaraply tutumlaryň kämil hukuk binýadyna daýanýandygy hem aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Şeýle kanunçylyk namalarynyň hem-de uzak möhletleýin maksatnamalaryň kabul edilmegi adamlaryň abadan durmuşynyň möhüm şerti bolmak bilen, ekologiýa howpsuzlygy bilen baglanyşykly oýlanyşykly başlangyçlaryň hemişe rowaçlyklara beslenmegine itergi berýär.

Berdimyrat Aşyrow,
Serdar şäherindäki 6-njy orta mekdebiň müdiri.
Beýleki habarlar