Peştak howlulary

1 Iýun 2022
1506

Türkmenleriň ХIХ asyrdaky oturymly ýaşaýyş jaý gurluşygy sungatynyň häsiýetli aýratynlyklaryny doly açyp görkezýän taryhy gymmatlyklaryň biri hem Peştak şäherine degişli bolan taryhy ýadygärliklerdir. Bu ýadygärlikler Kaka demirýol duralgasynyň demirgazyk-günbatarynda ýerleşip, ХХ asyryň ortalaryna çenli gowy saklanypdyr. Bu ýerde arheologik barlaglary geçiren alymlar örän gyzykly tapyndylaryň üstünden bardylar. Şäheriň ady baryp ХII asyrda bu ýerde gurlan Peştak metjidi bilen baglanyşyklydyr. Bu şäheriň daşy 0,8 — 1 metr galyňlykdaky gala diwary bilen gurşalypdyr. Bu gurluşyklar ХVIII-ХIХ asyrlara degişli bolmak bilen, şäheriň ilaty 1876-njy ýylda bu ýerden Hywa göçüpdirler.

1947 — 1953-nji ýyllarda arheologlar bu ýerde ylmy-barlaglary geçiripdirler. Şol wagt bu ýerdäki ýaşaýyş we hojalyk jaýlary gowy saklanan eken. Şäherde gönüburçly howlular köp bolupdyr. Şäheriň günorta böleginde howlularyň köp bölegini gurluşyk tutupdyr. Bu ýerde ýaşaýyş jaýlarynyň esasy görnüşi eýwanly jaýlar bolup, her jaý bir ýa-da birnäçe eýwandan ybarat eken. Jaýlar öz arasynda merkezi we burçdaky eýwanynyň bolmagy bilen tapawutlanypdyr. Käbir jaýlaryň merkezinde bir uly otag goýlup, onuň gapdallarynda iki sany eýwan goýlup salnypdyr. Jaýlaryň otaglary gönüburçly bolup, olaryň taraplary birnäçe metre çenli ýetipdir.

Nurmämmet HUDAÝNAZAROW,
TGM-niň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň uly mugallymy.
Beýleki habarlar