Soňky hat

6 Maý 2022
1558

1941 — 1945-nji ýyllaryň urşuna meýletin giden Gurban Annaýewiň 1944-nji ýylyň 22-nji awgustynda front meýdanyndan öýüne ýazan hatyny 80 ýyla golaý wagt saklanlaryndan soňra, ony hossarlary öz obalaryndaky Halaç etrabynyň 3-nji orta mekdebindäki muzeýe gowşurdylar.

Bu haty elime alyp synlamak we onuň mazmuny bilen tanyşmak meniň üçin hem örän tolgundyryjy boldy. Üstüne gözýaş damyp, käbir ýerleri öçüp başlan bu üçburçluk bukjadaky hatyň bary-ýogy alty-ýedi sözlemden ybarat bolmagy, onuň örän gyssagly ýazylandygyndan habar berýär. Hat şeýle sözler bilen başlanýar: «Menden salam bolsun, janymdan eziz bolan 1-nji atama, 2-nji eneme, 3-nji Tagandurda, 4-nji Hudaýnazara, 5-nji Ogulhana, 6-njy Allanazara, 7-nji Öwlýakula, kelnekeme we meni soran adamlara...». Bu çaklaňja hatda 24 ýaşly gerçek ata Watanyny küýseýändigini, duşmany doly boýun egdirip, öýüne ýeňiş bilen dolanyp barmak isleýändigini ýazypdyr. Hatyň ýanynda goýlan ýene bir haty bolsa Gurban Annaýewiň gulluk edýän harby bölüminiň komandiri ugradypdyr. Onda şeýle sözler bar: «Siziň ogluňyz Gurban Annaýew edermenlik görkezip, gahrymanlarça wepat boldy...».

Hudaýberen ABRAÝEW.
(Öz habarçymyz).
Beýleki habarlar