Gahrymanlara şöhrat

4 Maý 2022
1329

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda türkmen halkymyzyň milli medeniýetine, mirasyna uly üns berilýär. Gadymy medeniýetimiziň maddy hem-de ruhy mirasyna, ata-babalarymyzyň Watan üçin görkezen edermenliklerine uly hormat goýlup, olaryň sarpasy belentde tutulýar.

Mundan 77 ýyl ozal, 1941—1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan ýeňişde biziň watandaşlarymyzyň orny hem uludyr. Türkmenistanlylaryň ýüz müňlerçesi bu ýowuz söweşe gatnaşdylar. Türkmen ýigitleri Mete hanyň, Togrul begiň, Alp Arslanyň, Mälikşanyň, Soltan Sanjaryň, Jelaleddiniň, Baýram hanyň şöhratly harby däp-dessurlaryny dowam etdiripdirler. Türkmenistanly gerçeklere Gahryman diýen belent at dakyldy, olar orden-medallar bilen sylaglandylar.

Ahmet ANNABERDIÝEW,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň uly mugallymy.
Beýleki habarlar