Taryhy ýadygärlikleriň ähmiýeti

3 Maý 2022
1668

Milli medeniýetimizi we taryhy ýerlerimizi ylmy esasda düýpli öwrenmek, olary halkara syýahatçylyk ulgamyna girizmek üçin 2022 — 2028-nji ýyllar üçin tassyklanylan Döwlet maksatnamasy aýratyn bellärliklidir. Bu maksatnamanyň çäklerinde gojaman Amyderýanyň ýakasynda ýerleşen birnäçe taryhy ýadygärliklere hem aýratyn ähmiýet berilýär. Olardan Amul galasyny, Daýahatyn kerwensaraýyny, Dargan galany, şeýle hem Jeýhun derýasynyň ajaýyp kenar ýakasyndaky gözellikleri we Gojaman Köýtendagyň täsinliklerini görkezmek bolar.

Amul gala arheologiki ýadygärligi Türkmenabat şäheriniň çäginde ýerleşýär. Amul galasy tebigy taýdan bol suwly, geografiki taýdan örän amatly ýerde, Amyderýanyň orta akymynda ýerleşmegi bilen ilat üçin ýaşamaga ýokary derejeli şertler döräpdir. Amul galasynda baryp, Parfiýa döwletiniň döwründe-de halkara hyzmatdaşlygy we söwda alyş-çalşygynyň alnyp barlandygyna şaýatlyk edýän köp sanly taryhy maglumatlara duş gelmek bolýar.

Ogultäç JOMMYÝEWA,
Aşgabat şäherindäki 20-nji orta mekdebiň mugallymy.
Beýleki habarlar