Taryhy ýadygärlikleriň ojagy

3 Maý 2022
1519

Eziz Watanymyz şöhratly geçmişimiziň gönüden-göni şaýatlary bolup durýan arheologiýa ýadygärliklerine juda baýdyr. Şol ýadygärlikler köp ýyllardan bäri diňe bir türkmen arheologlarynyň däl, eýsem, dünýäniň meşhur taryhçylarynyň, syýahatçylarynyň hem ünsüni çekip gelipdir. Türkmenistanyň bereketli topragy adamzat medeniýetiniň, siwilizasiýasynyň ilkinji ojaklarynyň biri hasaplanylýar. Ýurdumyzda gadymy arheologiýa we arhitektura ýadygärliklerini gorap saklamak we geljek nesillere ýetirmek üçin birnäçe taryhy-medeni goraghanalar döredildi. Şol taryhy-medeni goraghanalaryň biri hem 1991-nji ýylda döredilen «Gadymy Dehistan» döwlet taryhy-medeni goraghanasydyr. «Gadymy Dehistan» döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň işgärleri tarapyndan Balkan welaýatynyň çägindäki taryhy-arheologiýa, arhitektura ýadygärlikleriň 240-dan gowragy hasaba alnyp, olary goramak bilen birlikde, gazuw-agtaryş işleri geçirilen ýerlerde rejeleýiş işleri hem alnyp barylýar. Bu, ilkinji nobatda, bişen kerpiçden bina edilen ymaratlara degişlidir. Goraghananyň çäklerindäki ýadygärlikleri goramak, öwrenmek bilen, rejeleýiş çäreleriň durmuşa geçirilendigine garamazdan, heniz edilmeli işleriň iň esasylary öňde. Balkan welaýatynyň Etrek etrabynda ýerleşýän Dehistan düzlüginde ýadygärlikleriň ençemesi bar. Bu ýerde gadymy döwürlerden başlap, orta asyrlara çenli medeniýetleriň gülläp ösendigini taryhy maglumatlar tassyklaýar.

Balkan welaýatynyň çäklerindäki taryhy-medeni gymmatlyklary gorap saklamak we geljekki nesillere ýetirmek boýunça alnyp barylýan işler üstünlikli dowam etdirilýär. Taryhy-medeni ýadygärlikleriň ýaýrawy welaýatyň ähli ýerlerinde diýen ýaly duş gelýär. Welaýatdaky daglyk ýerlerde we deňiz kenarýakalarynda taryhyň daş eýýamyndan başlap, giçki orta asyrlara degişli ýadygärlikler ýüze çykaryldy. «Gadymy Dehistan» döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň hasabynda duran bürünç-demir asyrlaryna degişli hem-de orta asyrlar bilen senelenýän taryhy medeni ýadygärliklerde türkmen arheologlary we olaryň daşary ýurtly kärdeşleri bilen ylmy barlaglar ýerine ýetirildi. Olaryň hataryna Maşat ata kümmetinde, Juma metjidinde, Gökjükdepede, Yzzatguly depede we beýleki ýadygärliklerde geçirilen arheologiýa gazuw-agtaryş işlerini agzamak bolar. Häzirki wagtda Etrek etrabynda 117, Türkmenbaşy şäherinde 17, Türkmenbaşy etrabynda 6, Balkanabat şäherinde 23, Bereket etrabynda 32, Serdar şäherinde 20, Magtymguly etrabynda 21, Gumdag şäherinde 1, Esenguly etrabynda 4 sany ýadygärlik hasaba alyndy.

Hemra TÄÇGYLYJOW,
Balkanabat şäherindäki 17-nji orta mekdebiň taryh mugallymy.
Beýleki habarlar