Merw — ösen senetçiligiň mekany

2 Maý 2022
1351

Adamzat jemgyýetiniň ösen ykdysady we hojalyk gatnaşyklarynyň kemala gelmegi, köp babatda, şäherleriň ýüze çykmagy bilen baglanyşyklydyr. Ýokary derejede guralan önümçilik gatnaşyklary bolan şäherler döwletleriň kemala gelmeginde-de, olaryň halkara gatnaşyklarynyň deňli-derejeli agzasy hökmünde orta çykmagynda-da möhüm ähmiýete eýedir.

Şäher diýleninde diňe bir adamlaryň köpçülikleýin ýaşaýan ýa-da nepis senetçilik önümleriniň öndürilýän, harytlaryň alnyp-satylýan ýeri hökmünde düşünmeli däl. Şäher döwleti emele getirýän halky dürli syýasy, medeni we hojalyk gatnaşyklary arkaly bir ýere jemleýän möhüm merkez hem bolup durýar. Şonuň üçin hem şäher diýleninde, ilki bilen, döwletiň oýlanyşykly ýola goýlan syýasy, ykdysady we medeni gatnaşyklarynyň merkezi göz öňüňde janlanýar.

Kuwwatberdi KAKAJYÝEW,
Murgap etrabyndaky 15-nji orta mekdebiň taryh mugallymy.
Beýleki habarlar