Ýerasty gaz saklawhanalary desgalaryny gurmagyň derwaýyslygy

2 Maý 2022
1314

Soňky ýyllarda Türkmenistanda tebigy gazyň çykarylyşyny kadalaşdyrmak we sarp edijileriň «mawy ýangyç» bilen üpjünçiliginiň ygtybarly bolmagyny ýokarlandyrmak üçin ýerasty gaz saklawhana desgalaryny gurmak meselesine işjeň çemeleşmegiň zerurdygy nygtalýar.

Häzirki zaman şertlerinde islendik önüm kabul edilen belli bir düzgün-kadalara laýyk saklanylmagyny talap edýär. Bu meselede gaz hem kadadan çykma däldir. Dünýä tejribesinde gazyň ýerasty saklanyş senagatynyň bir asyrdan gowrak taryhy bar. Ýerasty gaz saklawhanalary (ÝGS) köp derejede sarp edijileri gaz bilen ygtybarly üpjün etmeklige ýardam edýär. Olar gazyň sarp edilişiniň birsydyrgyn däldiginiň (möwsümleýin, hepdelik, gije-gündizlik) öwezini dolmak, şeýle hem gaz geçirijide bökdençlik bolan ýagdaýynda we strategik gaz ätiýaçlygyny emele getirmek maksady bilen gurulýar hem-de ulanylýar.

Oraznazar HEŞDEKOW,
«Nebit-gaz».
Beýleki habarlar