Gadymy taryhyň we milletiň medeni gymmatlygynyň täze subutnamalary

12 Noýabr 2021
2052

Abiwerdde arheologlar gymmatly tapyndylary ýüze çykardylar

Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen milli taryhy-medeni mirasymyzy içgin öwrenmek we gorap saklamak maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Onuň çäklerinde taryhyň heniz açylmadyk sahypalaryny ýüze çykarmak boýunça yzygiderli işler dowam etdirilýär we olar öz oňyn netijelerini berýär. Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň çäginde ýerleşýän Abiwerd taryhy-medeni goraghanasynyň çäklerinde ýerleşýän ýadygärlikde gazuw-agtaryş işleriniň güýzki möwsüminiň dowamynda türkmen arheologlary täze tapyndylary ýüze çykardylar.

(TDH)
Beýleki habarlar