Jeýtun medeniýetiniň itşynaslyk mirasy

21 Oktýabr 2021
4313

Gahryman Arkadagymyzyň yzygiderli goldaw-hema ýaty bilen milletimiziň mertebesine deňelýän milli mirasymyz, şolaryň hatarynda umumadamzat medeniýetiniň ajaýyp nusgalarynyň biri bolan türkmen itşynaslyk sungatynyň taryhyny arheologiýa we etnografiýa taýdan çuň öwrenmek babatda giň gerimli işler alnyp barylýar. Bu işiň barha rowaçlanmagy üçin hormatly Prezidentimiz tarapyndan esaslandyrylan Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň edýän tagallalary aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Mälim bolşy ýaly, biziň günlerimize ýönekeý depe görnüşine gelip ýeten ýadygärlikleriň galyndylary dabarasy daglar aşan uly şäherleriň, söwdanyň we medeniýetiň ösen iri merkezleriň taryhy yzlarydyr. Arheologlaryň, etnograflaryň belent diwarly binagärlikleriň galyndylarynda, gadymy diňlerde, üstünden müňýyllyklary geçiren kümmetlerde, galalarda hem-de olaryň töwereginde ýaýylyp gidýän köne ýaşaýyş mähellelerinde geçirýän ylmy gözlegleri netijesinde henize çenli mälim bolmadyk syrly maglumatlaryň ençemesi ýüze çykarylyp, olar taryhymyzyň şan-şöhratly sahypalarynyň ýazylmagyna ygtybarly esas bolýar. Şundan ugur alsak, arheologiýa tapyndylar, etnografiýa gymmatlyklar iňňäniň ujy ýaly kiçijik hem bolsa, ylmy taýdan ägirt  uly ähmiýete eýedir. Sebäbi, şol gymmatlyklar tutuş adamzadyň medeni ösüşini äşgär edýär. Şonuň bilen birlikde şol gymmatly tapyndylar dünýäniň taryhyny öwrenmekde mälim däl täzelikleri açmaga esas bolýan ylmy maglumatlardyr. Mälim bolşy ýaly, häzirki wagta çenli türkmen alabaýynyň ýurdumyzyň dürli künjeklerindäki taryhy-medeni we arheologiýa ýadygärliklerinden ýüze çykarylan yzlary hem-de milli itşynaslyk tejribeleriniň taryhy bilen bagly arheologiýa tapyndylar hem-de etnografiýa gymmatlyklar dünýäde iň gadymy we sap ganly itleriň naýbaşysy bolan türkmen alabaýynyň kemala gelen we dünýä ýaýran topragynyň hut biziň eziz Watanymyzdygyny aňryýany bilen aýan edýär. Gahryman Arkadagymyz jöwher pähim-paýhasyndan dörän «Türkmen alabaýy» atly eseriniň 20-nji sahypasynda bu barada şeýle ýazýar: «It bilen adam mundan 12-15 müň ýyl ozal dostlaşan diýlip hasap edilýär». Türkmen alabaýynyň taryhyna degişli iň gadymy maglumatlar Günorta Türkmenistanyň çäklerinde dörän Jeýtun medeniýetine degişli ýadygärliklerde ýüze çykaryldy. Geçirilen ylmy-gözleg işleriniň netijesinde Jeýtun medeniýetine degişli oba-kentler Köpetdagdan akyp gaýdýan derýalaryň ýa-da çaýlaryň aýaguçlarynda, dag eteklerindäki bol çeşme suwly jülgelerde döräpdir. Bu barada hormatly Prezidentimiz «Türkmen medeniýeti» atly kitabynyň 28-nji sahypasynda şeýle ýazýar: «Adamzat taryhynda ilkinji oturymly ekerançylyk we şäher medeniýetiniň dörän mekanlarynyň biri hem täsin haýwanat dünýäli, gözel jülge-dereli, melhem çeşmeli, mes gadymy türkmen topragynda – Merkezi Köpetdagdan inýän çeşme-çaýlaryň boýunda emele gelen Jeýtun medeniýetidir» [2.28 s.] .Jeýtun medeniýetine degişli ýadygärlikler Aşgabat şäheriniň demirgazygyndaky Owadandepe obasynyň alkymyndaky Jeýtundepe, Bagyr obasynyň
gündogaryndaky Täze Nusaý, Bäherden etrabyndaky Bamydepe, Gökdepe etrabyndaky Pessejikdepe, Çopandepe, Togalakdepe, Kaka etrabyndaky Monjuklydepe, Çagyllydepe ýaly gadymy oba-kentleriň arheologiýa depelerinden ybarat. Ýeri gelende aýtsak, Jeýtun medeniýeti degişli ýadygärlikleriň iň irkisi, öňki döwürde ilat arasynda «Çakmakdaşbeýik» diýip atlandyrylýan Jeýtun ýadygärliginiň adynyň manysynyň «jeý» – «suw saklanýan tebigy takyr ýer, suwuň hanasy», «tun» – («tün») – «arassa, bol suw» diýmegi aňladýandygy ünsüňi çekýär. «Jeý» sözi – «joýa» sözi bilen manydaş bolup, «suwuň geçýän akabasy ýa-da saklanýan hanasy» diýmegi aňladýar. Şoňa görä-de, etnograflar hut Jeýtun medeniýetine degişli ýadygärlikleriň ilatynyň bol suwly ekerançylyk ýaýlalarda bol hasyl ýetişdirendigini, maldarçylygy ösdürendigini, itşynaslyk sungatynyň düýbüni tutandygyny ylmy taýdan esaslandyrýarlar. 1960-njy ýyllarda Jeýtun medeniýetine degişli ýadygärliklerde akademik W. M. Massonyň ýolbaşçylygynda gazuw-agtaryş işlerini geçiren türkmen alymlary mundan ýedi-sekiz müň ýyl ozal ýaşalan otaglaryň birnäçesiniň üstüni açdylar. Olardan tapylan dag geçileriniň, ýabany goýunlaryň, aýraklaryň, jeýran-keýikleriň, öküziň süňkleri bilen bir hatarda türkmen alabaýynyň arheologiýa yzlaryna degişli laýdan ýasalan heýkeljikleriň dürli görnüşlerini ýüze çykardylar. Olaryň arasynda alabaýyň kellesi, göwresiniň bölekleri aýdyň görnüp duranlary has köp. Käbiriniň göwresi döwülmän saklanyp galypdyr. Jandarlaryň käbiriniň endamyna çişiň dürtülen yzlary mesaňa bildirýär. Alymlaryň pikiriçe, gadymy awçylar awyň şowly bolmagyny arzuw edip, köne ynanja eýerip, laýdan ýasalan keýigiň, goýnuň heýkeljikleri doly gurap ýetişmänkä, onuň ýüzüne çişiň yzyny galdyrypdyrlar.Akademik W. Massonyň ýazmagyna görä türkmen alabaýynyň we beýleki jandarlaryň heýkeljikleriniň diňe bir çagalar üçin oýunjak bolmak wezipesini ýerine ýetirmän, eýsem, gadymy pederlerimiz olaryň öýe-ojaga bagt, abadançylyk we rysgal-bereket getirmek güýjüne eýe bolandygyna hem ynanypdyrlar. Ýeri gelende aýtsak, Jeýtun medeniýetine degişli ýadygärliklerden ýüze çykarylan heýkeljikler türkmen alabaýyna bagyşlanan arheologiýa tapyndylaryň iň gadymkysydyr. Gökdepe etrabynyň Yzgant obasynyň çägindäki Çopandepe ýadygärliginden ýüze çykarylan, ýörite eýlenen, ýöne bişirilmedik laýdan ýasalan alabaýyň mal sürüsine hüşgärlik bilen esawan bolup duran pursadyny ýatladýan heýkeljik ylmy taýdan aýratyn gyzyklanma döredýär. Bu gadymy eserde alabaýyň erinlek göwresini dik tutup, gulagyny keýerdip, guýrugyny galdyryp sak durandygy, eýýäm şol döwürde alabaýa süri goramagyň öwredilip başlanandygyny çaklamaga esas berýär. Jeýtun medeniýetiniň görnükli ýadygärlikleriniň biri bolan, biziň eýýamymyzdan öňki VI-V müňýyllyga degişli Pessejikdepe ýadygärliginde üsti açylan uly otagyň diwarlaryna ak reňkli ýerligiň ýüzüne gara ýada gyzyl reňkler bilen dürli haýwanlaryň, agaçlaryň, şeýle hem täsin mazmunly nagyşlaryň şekilleriniň utgaşdyrylmagynda çekilen awçylyk pursadyndan bir parçanyň suraty milli itşynaslygyň kökleri barada gymmatly maglumatlary aýan edýär. Hormatly Prezidentimiz «Türkmen medeniýeti» atly ylmy-ensiklopediki kitabynyň 19-njy sahypasynda Pessejikdepäniň diwar bezegli otagynyň tutuş adamzadyň taryhyny öwrenmekdäki ähmiýetiniň iňňän ýokarydygyny tekrarlap, şeýle ýazýar: «Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabyndaky Pessejikdepe ýadygärliginde ybadathana otagynyň diwaryna çekilen awçylyk pursadyny şekillendiren surat taryhy taýdan Jeýtun medeniýetine degişli bolup, dünýädäki iň gadymy şekillendiriş eserleriniň biri hökmünde mertebelidir». Bu maglumatlar türkmen alabaýynyň aw etmäge ukybynyň ýokarydygyny tassyklaýan ygtybarly delillerdir. Mälim bolşy ýaly jeýtunlylar biziň eýýamymyzdan öňki VII-V müňýyllyklarda ilkinji ekerançylyk obalaryny döredip, bol hasyly ýetişdirmek bilen birlikde, awçylyk, balyk tutmak hem-de ýabany ösýän däneli ösümlikleri ýygnamak bilen güzeran aýlapdyrlar. Mukaddes maşgala ojagyny döredip, öý tutunansoň olar göçüp-gonup ýöremän, bina eden bir otagly jaýlarynda öz maşgalasy bilen ýaşap başlapdyrlar. Howludaky mellek ýerlerinde ekerançylygyň ilkinji tejribelerini kemala getiripdirler. Şol bir wagtda jandarlary eldekileşdirip, olar üçin howlusynyň bir çetinde ýatak gurupdyrlar, şeýdibem maldarçylygyň, atşynaslygyň we itşynaslygyň heniz ýöntem tejribelerini döredipdirler. Suwarymly ekerançylyk tejribeleriniň özleşdirilmegi bilen daýhançylykda ýakyn ýardamçylar bolan iri şahly mallary ýer işlerini ýerine ýetirmäge werziş edip, öküze, düýä goşulan azalda ýer sürüp, bol hasyl almagyň usul-tärleri özleşdirilipdir. Şeýle gadymy adaty (natural) hojalyklarda atyň we itiň durmuşdaky ähmiýeti has-da ýokarlanyp başlapdyr. Sebäbi öň it diňe aw awlamakda ýa-da ýyrtyjylardan goranmakda ynsanyň ýakyn ýardamçysy bolan bolsa, indi ol eýesiniň öýüni, howlusyny, mal-garasyny hem-de maşgala agzalaryny goramagy öwrenipdir. Bu barada hormatly Prezidentimiz jöwher paýhasyndan dörän «Türkmen alabaýy» kitabynda şeýle ýazýar: «Müňlerçe ýyllyk geçmiş taryhymyza göz aýlasak, türkmeniň şöhrata beslenen argamak aty bar, öljegini bilse-de, eýesiniň ojagyny, mal-mülküni gorap, ýyrtyjy wagşylar bilen garpyşan gaýduwsyz alabaý iti bar». Müňýyllyklaryň jümmüşinde ynsan bilen itiň dostlugynyň berkemegi, onuň adamzadyň durmuşyndaky tutýan ornuny has-da ýokarlandyrypdyr. Ol esasan hem maldarçylygyň ösmegine güýçli täsir edipdir. Bu barada hormatly Prezidentimiz «Türkmen alabaýy» atly ajaýyp eserinde şeýle ýazýar: «It adamzadyň ilkinji eldekileşdiren jandarlarynyň biri saýylýar. Itiň eldekileşdirilip ugralan döwrüni dowar malynyň eldekileşdirilen döwri bilen senelemek dogry bolsa gerek». Arheologiýa gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde öýdekileşdirilen maýda we iri şahly mallar, at hem-de it üçin gurlan, üsti taýak, gamyş, şeýle hem çöp bilen örtülen bassyrmaly ýataklaryň we towuk ketekleriniň ençemesiniň üsti açyldy. Adatça, it ýatagyň üsti we töweregi ony tomsuň jokrama yssysyndan we gyşyň aýazyndan goramak üçin samandyr çöp-çalam bilen basyrylypdyr. Ýeri gelende aýtsak, alymlaryň köpüsi Pessejikdepeden ýüze çykarylan diwar bezegindäki biri-birine meňzeş hatarlanyşyp duran öýjükleriň hut it ýatagynyň suratydygyny tassyklaýarlar.Geçirilýän ylmy barlaglaryň netijesinde Jeýtun ýadygärliginden alabaýyň şöhratly geçmişi bilen bagly ýüze çykarylan tapyndylaryň has gymmatlylarynyň ýene-de biri şol eýýamda pederlerimiziň äpet göwreli alabaýlarynyň bolandygyny subut edýän süňk galyndylarydyr. Bu ygtybarly subutnamalar türkmen alabaýynyň dünýädäki iň äpet itleriň atasy bolup durýandygyny hem-de onuň dünýädäki äpet itleriň tohumlarynyň köpelmegine täsirini ýetirendigini tassyklaýar. Hormatly Prezidentimiz dana paýhasyndan dörän «Türkmen alabaýy» kitabynyň 171-nji sahypasynda dünýädäki äpet itleriň kemala geliş taryhy we aýratynlygy barada ylmy seljermeler geçirip, şeýle netijä gelýär: «Häzirki günde beýleki tohumlar bilen garyşman, özüniň iň gadymy görnüşini saklap galan dog görnüşli itleriň ýeke-täk tohumy bar. Bu gaýduwsyz, wepaly, güýçli, çydamly, akylly türkmen alabaýydyr». Arkadag Prezidentimiziň dünýäniň itşynaslyk sungatyny öwrenmekde ylmy tarapdan iňňän wajyp bolup durýan bu esasly ylmy kesgitleme Jeýtun ýadygärliklerinden ýüze çykarylan itiň süňklerini ylmy taýdan öwrenen belli alym, akademik A. K. Kasparowyň ylmy makalasynda şeýle tekrarlanylýar: «Jeýtun ýadygärliginden ýüze çykarylan itiň ägirt uly kellesiniň süňkleri türkmenleriň ata-babalarynyň şol döwürde örän uly itlere eýe bolandyklaryna şaýatlyk edýär». Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda dünýä itşynaslygynda türkmen alabaý ýaly äpet göwreli itleriň biri nemes doglary hasaplanýar. Ykrar edilen standarta laýyklykda doglaryň boýy gerşinden ölçäniňde köpekleriniňki: ortaça 80 – 90 sm, ene itiňki: 72 – 84 sm barabardyr. Doguň mähremligi, kellesiniň ululygy, tumşugynyň gysgalygy, penjesiniň aýynyňky ýaly ululygy, berdaşlylygy, göwresiniň we süňkleriniň äpetligi, synasyny mydama haýbatly saklaýşy, gözleriniň ululygy türkmen alabaýlaryna meňzeşdir. Jeýtunyň şeýle äpet göwreli alabaýynyň ajaýyp keşbini gadymy Nusaý galasyndan ýüze çykarylan biziň eýýamymyzdan öňki II asyra degişli ritonyň erňekasty zolagyndaky şekilde aýdyň synlap bilýäris. Bu Oguz şabadalaryny gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde ýüze çykaran hem-de ol baradaky maglumatlary ilkinji bolup ylmy dolanyşyga girizen akademik M. Ý. Masson 1959-njy ýylda Aşgabatda neşir edilen «Parfiýanyň Nusaý ritonlary» atly kitabynyň 201-nji sahypasynda şeýle ýazýar: «Nusaý ritonynda şekillendirilen äpetligi arslana-şire bäs gelýän itiň göwresiniň daýawlygy, kellesiniň äpetligi, penjeleriniň berdaşlylygy, aýaklaryny goýşunyň gönüligi onuň türkmen alabaýydygyna aýdyň güwä geçýär». Türkmen alabaýynyň arheologiýa tapyndylaryň arasynda Jeýtun medeniýetine degişli ýadygärliklerden ýüze çykarylan ynsan ýaly hatyra dessurlaryna laýyklykda jaýlanan alabaýyň süňkleriniň galyndylarynyň — ystyhanynyň ýüze çykarylmagy itşynaslyk ylmynyň taryhy üçin örän ähmiýetlidir. Gadymy dünýäde pederlerimiziň hatyra ähmiýetli jaýlamak däbine laýyklykda ýogalan adamy ýönekeý gönüburçly çukurda, uzaboýuna däl-de, ýygrylyp ýerleşdirilen görnüşde, ýagny ellerini döşüniň öňünde, aýaklaryny bolsa dyzyndan eplenen ýagdaýda, sag egnine ýatyryp jaýlapdyrlar. Şol eýýamlarda irki ynanja eýerilip keramatly hasaplanylan jandarlar hem jaýlananda sag egnine ýatyrypdyrlar. Şeýle ýagdaýda onuň ystyhany üstünden müňýyllyklar geçse-de, anatomiýa taýdan bozulman şol durkunda saklanyp galýar. Bu dessur gadymy adamlaryň pany dünýäniň dowamy bolan baky dünýäniň bardygyna ynanandyklary bilen baglydyr. Görnüşi ýaly, Jeýtun medeniýetine degişli ýadygärliklerden dünýäniň itşynaslyk ylmy üçin iňňän ähmiýetli tapyndylar ýüze çykaryldy. Ýüze çykarylan ylmy maglumatlar Jeýtun medeniýetine degişli oba-kentleriň arheologiýa ýadygärlikleriniň tutuş Merkezi Aziýa sebitinde ilkinji oturymly, ekerançylyk we maldarçylyk hojalyklarynyň ýöredilip başlanan ojagy hökmünde meşhur bolman, eýsem ynsan bilen itiň dostlugynyň gadymy yzlaryny hem-de iň irki ruhy ýörelgelerini habar berýändigi bilen ylmy taýdan örän ähmiýetlidir. Ylmy barlaglaryň netijeleri milli itşynaslygyň ýönekeý tejribeleriniň kökleriniň hut Jeýtun medeniýetinden alyp gaýdýandygyny subut edýär. Milli itşynaslyk sungatynyň gazananlary soňra Änew, Altyndepe, Goňurdepe, Marguş, Nusaý ýaly medeniýetleriň ösen merkezlerinde barha rowaçlanypdyr. Olaryň aglaba bölegi biziň günlerimize çenli gelip ýetipdir. Bu bolsa milli itsynaslyk sungatymyzyň taryhy we geljegi üçin deňsiz-taýsyz baýlykdyr.

Agamyrat BALTAÝEW
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň bölüm müdiri, Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň agzasy.
Beýleki habarlar