Oýnawaçlaryň döreýiş taryhy

20 Sentýabr 2021
1992

Oýnawaçlara çagalary gyzykly hem-de täsirli şertlerde güýmemek üçin döredilen ýörite gural hökmünde garamak bolar. Şeýle-de oýnawaja terbiýe bermegiň serişdesi, çaganyň aňyna ideologiki täsir etmek maksady bilen taýýar edilýän enjam diýlip hem düşünilýär.

Oýnawajy ýasamaklyga aýratyn pedagogiki, gigiýeniki, estetiki talaplar bildirilýär. Pedagogiki talaplara laýyklykda oýnawaç çagalaryň düşünjesini ösdürýär, daş-töwerekde bolup geçýän zatlara akyl ýetirmäge kömek edýär. Çaga oýnawaç oýnamak arkaly ulularyň ýerine ýetirýän işlerine öýkünýär. Onuň netijesinde bolsa çagada zähmete bolan söýgi, dürli tehniki serişdelere gyzyklanma döreýär. Ondan başga-da bilesigelijiligi, syn etmek başarnyklary, çeperçilik hem-de döredijilik ukyplary kemala gelýär. Oýnawaç çagalary diňe bir güýmemek üçin niýetlenilmän, eýsem, olara köpçülikde öz ornuny tapmaklyga, özara gatnaşyklary ýola goýmaklyga, ýakymly duýgulary oýarmaklyga, çeperçilik başarnyklary döretmeklige ýardam berýär.

Aýjemal RAHIMOWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň pedagogika we psihologiýa kafedrasynyň mugallymy.
Beýleki habarlar