Bedewi bilen adyganlar

13 Sentýabr 2021
2668

Beýik Osmanly türkmen döwleti 623 ýyl (1299 — 1922) höküm sürüp, ylym-bilimde, ykdysadyýetde, syýasatda, medeniýetde we harby ulgamda uly üstünliklere eýe bolmak bilen, dünýä taryhynda öçmejek yz goýupdyr.

Osmanly türkmen döwletiniň şöhratly hökümdarlarynyň arasynda Soltan Mehmet III ogly Soltan Ahmediň beýleki soltanlardan has tapawutly taraplary bolupdyr. Soltan Ahmedi beýleki patyşalardan tapawutlandyrýan aýratynlyklarynyň biri hem onuň bedew atlara bolan çäksiz söýgüsidir. Ol at münmegi we at üstündäki oýunlary oýnamagy halapdyr. Soltan Ahmet bedewler baradaky eserleri okamak isläp, arapçadan osmanly türkmen diline at baradaky bir eseri terjime etdiripdir. Bu eserde atlary seýislemegiň we terbiýelemegiň tärleri barada gyzykly maglumatlar beýan edilipdir.

Ahmet ANNABERDIÝEW,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň uly mugallymy.
Beýleki habarlar