Dünýä açylan penjire

2 Awgust 2021
1484

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ähli ulgamlary bilen bir hatarda bilim ugamy hem beýik ösüşlere eýe bolýar. Ulgamyň işini döwrebap derejede ösdürmek, ony yzygiderli kämilleşdirmek döwletimizde ösüşleri gazanmagyň baş şertleriniň biri bolup durýar. Dünýä ylmy, bilimi okgunly gadamlar bilen öňe barýar. Onuň bilen deň gadam urmakçy bolsaň, ilki bilen, daşary ýurt dillerinde suwara gürlemegi, hiç bir päsgelçiliksiz düşünişmegi başarmaly. Şu nukdaýnazardan eziz Diýarymyzda «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy» hereket edýär. Elbetde, bu Konsepsiýa hem hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Hytaý halkynda şeýle bir pähim bar: «Dil öwrenmek dünýäni synlamak üçin berlen ýene bir penjiredir». Örän ýerlikli aýdylan söz. Çünki dil bilen dünýäni gezer, öwrener. Häzirki wagtda ýurdumyzyň orta we ýokary okuw mekdeplerinde rus, iňlis, ýapon, hytaý, ispan, koreý, arap, pars, nemes we fransuz dilleri öwredilýär. Bulardan başga-da ýurdumyzda dil merkezleri hem açyldy. Talyp ýaşlaryň arasynda dil bilimi boýunça bäsleşikleriň yzygiderli geçirilmegi bolsa dünýä dillerini has erjel, tutanýerli öwrenmegimize giň ýol açýar.

Gunça ARSLANOWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby.
Beýleki habarlar