Berkararlygyň binýady

2 Awgust 2021
1522

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyz Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda gün-günden özgerýär. Hususan-da, ykdysadyýetimiziň gülläp ösmegine ýurdumyzyň ähli pudaklary bilen bir hatarda energetika, nebit we gaz pudagynyň mynasyp goşant goşýandygy bizi geljekki energetikleri guwandyrýar, buýsandyrýar.

Ýurdumyzda her ýylyň 12-nji iýunynda Ylymlar güni giňden bellenilip geçilýär. Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda hem Ylymlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ýanyndaky Ýaş alymlar merkeziniň guramagynda «Ylymly ýaşlar — berkararlygyň binýady» ady bilen taslamalaryň sergi bäsleşigi geçirildi. Men hem bu bäsleşige özümiň “Gaz syzmasyny aralykdan habar beriji sanly gurluşyň taslamasy” atly ylmy taslamam bilen gatnaşdym. Bäsleşikde dürli ugurlar boýunça ylmy taslamalar bilen çykyş edilip, olaryň arasynda tapawutlanan taslama işleri baýrakly orunlara mynasyp boldy. Men hem şolaryň hatarynda bolup, bäsleşigiň radioelektronika, energetika we awtomatlaşdyrylan ulgamlar ugry boýunça ikinji orna mynasyp boldum. Meniň bu taslamamda öý hojalyklarynda we köpçülikleýin naharhanalarda gazyň syzmasy SMS arkaly habar berilýär.

Beýleki habarlar