Nebitgazçy halypany ýatlap...

26 Iýul 2021
1516

Her bir ugurda zähmet çekip, öz saýlan hünärine ömrüni bagyşlan halypalar örän kän. Olar hakyndaky ýatlamalaryň halypa-şägirtlik ýolundaky terbiýe mekdebinde uly ähmiýet bar. Arada geolog Ilgeldi Magtymgulyýew bilen söhbetdeşlik taýýarlanymyzda, ol kärdeşi Gurbanmyrat Arrykowyň zähmet hem durmuş ýoly barada ýatlady. Onuň aýdan gürrüňlerini «Nebit-gaz» gazetiniň okyjylaryna ýetirmegi makul bildik. Ol:

— Gurbanmyrat Arrykow nebitgaz pudagynyň ösmegine mynasyp goşant goşup, ömrüni bu ugra bagyşlan halypalaryň biri. Men onuň bilen gullukdaş hem-de dogduk obamyzyň goňşurak ýerleşýändigi üçin obadaş diýsemem bolýar. Ol Bäherden etrabynyň Arçman obasyndan, men Вamy obasyndan. Ikimizem 1944-nji ýylda doglan. 1963-nji ýylda Aşgabada öňki Türkmen politehniki institutyna promysel geofizika hünäri boýunça okuwa gelenimde, Gurbanmyrat eýýäm ikinji ýyl talypdy. Ol geofizika bölüminiň seýismologiýa hünäri ugrundan okaýardy. Soň ikimiz bile üç ýyl harby gullukda bolduk. Harby gullugymyzy tamamlanymyzdan soň, okuwymyzy ýene-de bileräk dowam etdirdik. Ýokary okuwy tamamlansoň, Gurbanmyrat Balkan welaýatyna işe ýollandy. Ol Madaw, Esenguly, Barsagelmez, Goturdepe we başga-da welaýatyň çägindäki nebitgaz gorly ýerleriň ählisiniň ekspedisiýa gözleg işlerine gatnaşyp, tä Garaşsyzlyk ýyllaryna çenli geofizika ekspedisiýa toparynyň başlygy, geofizika ekspedisiýasynyň baş inženeri ýaly dürli wezipelerde işledi. Onuň bir ogly, bir gyzy-da nebitgaz ugurdan işleýärdi. Ogly Nurmyradyň telefon belgisini unudypdyryn. Soňky wagtlarda olaryň maşgalasyndan hiç hili habar alyp bilemok. Eger sorap-idäp, olaryň öý salgysyny bilseňiz, maňa-da jaň edip aýdaweri, gyzym — diýip tabşyrypdy.

Akgül SAPAROWA,
«Nebit-gaz».
Beýleki habarlar