«Nebit-gaz» gazetiniň redaksiýasynda myhmançylykda Çary Paýtykow

19 Iýul 2021
1565

Gazetimiziň şu günki myhmany —  «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň esasy ylmy işgäri, geologiýa-mineralogiýa ylymlarynyň doktory, ylmy makalalaryň 83-siniň (3-si monografiýa), şeýle hem golýazma işleriniň 30-synyň awtory Çary Mommyýewiç PAÝTYKOW. Ol Türkmenistanda nebitiň we gazyň geologiýa-gözleg işlerini ösdürmegiň bäşýyllyk toplumlaýyn maksatnamalaryny işläp taýýarlaýjy iri ylmy toparlara ýolbaşçylyk etdi.

Gazylyp alynýan peýdaly magdanlaryň ýataklaryny açmaga goşan goşandy üçin Çary Paýtykow SSSR-iň Geologiýa ministrliginiň «Geologiýa gözleg-barlag işleriniň ezberi» diýen döşe dakylýan nyşany bilen sylaglanyldy, 2012-nji ýylda geologiýa ylmyny we geologiýa gözleg işlerini ösdürmäge goşan goşandy üçin Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen «Watana bolan söýgüsi üçin» diýen medal bilen sylaglanyldy, 2014-nji ýylda bolsa, oňa «Türkmenistanyň at gazanan senagat işgäri» diýen hormatly at dakyldy.

Söhbetdeş bolan Ussa USSAÝEW,
«Nebit-gaz» gazetiniň baş redaktory.
Beýleki habarlar