Nebitiň bugaryp gidýän ýeňil fraksiýalarynyň mukdaryny azaltmak

16 Iýul 2021
2503

Türkmenistanyň çäginde nebiti we nebit önümlerini saklamak üçin 500÷5000 m3 göwrümli dik polat rezerwuarlar (çelekler) ulanylýar. Olaryň gurluşy we goşmaça ulanylýan enjamlaryň işleýiş mümkinçiligi Ýewropa sebitindäki 300C temperaturadan ýokary bolmadyk howa şertine niýetlenendir. Rezerwuaryň içki gurluşy nebit we nebit önümleriniň üstüni örtüji pontondan (saldan) ýa-da ýüzýän beýleki örtüklerden peýdalanmaga mümkinçilik bermeýär. Galyberse-de, nebitiň ýeňil fraksiýalarynyň (düzüm bölekleriniň) bugarmasyny azaltmak maksady bilen rezerwuaryň üçeginde 200 Pa artykmaç basyşy döretmek üçin niýetlenen «dem alyş» goraýjy klapanlar we beýleki serişdeler oturdylýar. Olar üçege agram salyp, onda poslama hadysasyny tizleşdirýän artykmaç mehaniki güýjenmäni döredýär.

Geçirilen seljermeleriň netijelerinden mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň çäginde polat rezerwuarlarda nebit we nebit önümleri saklananda, birnäçe kynçylyklar ýüze çykýar. Olardan nebit alnanda, «dem alyş» klapanyň üsti bilen düzüminde suw bugy bolan howa rezerwuaryň içine girýär. Gijelerine ýa-da daşarky howanyň sowuk şertinde suw bugy suwuk hala geçip, rezerwuaryň üçeginde we onuň içki diwarynda damja görnüşinde çökýär. Bu bolsa polat rezerwuaryň poslamagyna getirýär. Rezerwuaryň üçegi endigan poslasa-da, onuň içki diwary tegmil görnüşinde poslama duçar bolýar. Daşky gurşawyň temperaturasynyň ýokarlanmagy bilen damjalaryň poslatma işjeňligi-de artýar. Şeýlelikde, rezerwuarlaryň agzalan bölekleri tiz poslaýar we hünärmenleriň onuň üstüne çykyp, zerur bolan işleri geçirmek mümkinçiligini çäklendirýär. Käbir ýagdaýlarda bu hadysa rezerwuaryň wagtyndan öň hatardan çykmagyna getirýär.

Ödenýaz ŞIRIÝEW
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Innowasiýa ylmy-okuw merkeziniň ylmy işgäri
Beýleki habarlar