Gadymy türki kowumlaryň ynançlary

13 Iýul 2021
1794

Geçmiş edebiýatda «totemizm» adalgasyna aýratyn orun berilýär. Totemizm — bu gadymy adamlaryň öz gelip çykyşyny, ýagny özleriniň nesilbaşysyny haýsydyr bir haýwan ýa-da ösümlik bilen baglanyşdyrmaklary netijesinde dörän ynançlary aňladýar.

Ylmy edebiýatda gadymy türki kowumlaryň, şol sanda türkmenleriň ata-babalary hasaplanylýan oguzlaryň hem toteminiň gök böri (möjek, gurt) bolandygy barada deliller, maglumatlar az däl. Şeýle garaýşyň yzy häzirki türkmen dilinde ulanylýan käbir nakyllardyr atalar sözlerinde we söz düzümlerinde gabat gelýär. Mysal üçin, «Gurt ýüzi — mübärek» diýen nakyly döreden eždatlarymyz gurdy guta deňäpdirler. «Gut» sözi bolsa, edebiýatçy alym Ahmet Bekmyradowyň tassyklamagyna görä, gadymy türki dilde «bagt» manysynda ulanylypdyr. Eger-de şu nukdaýnazardan baha bersek, biziň gündelik gepleşik dilimizde häli-şindi ulanýan «Gutly bolsun!» diýen jümlämizi «Bagtly bolsun!» manyda kabul etmek mümkin. «Gurt agzasaň, gurt geler» diýen aýtgynyň manysy hem hut şu düşünje bilen bagly.

Öwezdurdy MUHAMMETBERDIÝEW,
sosiologiýa ylymlarynyň doktory, professor.
Beýleki habarlar