Gündogaryň gadymy şäheri

28 Iýun 2021
2355

Beýik Ýüpek ýoly baradaky taryhy ýazgylarda welaýatymyzyň günorta-gündogar künjeginde ýerleşýän gadymy Kelif şäheriniň ady köp duş gelýär. Hytaýdan, Şamdan çykyp ugran agyr ýükli kerwenler ençeme menzil ýol ýöräp, biziň ýurdumyzyň çägine aralaşypdyrlar. Soňra Hojaýpiliň, Köýteniň, Bazardepäniň, Garlygyň üsti bilen Kelif şäherine gelip ýetipdirler. Şu möhüm halkara söwda ýolunyň ugrunda ýerleşen Kelif şäherine gelen kerwenler soňra Şirabada, Termeze, Garşa, Samarkanda, Buhara, Amula, Horezme tarap ugrapdyrlar. Kelifden Baýsun daglaryna, Şirabatdan Tallymerjen ýaýlasyna çenli aralykdaky ululy-kiçili şäherleri, galalary, rabatlary, sardabalary dolandyran gadymy Kelif şäheri mongol basybalyjylaryna çenli döwürde gülläp ösen merkezleriň biri bolupdyr.

Gadymy Kelif şäheriniň döreýiş taryhy, «Kelif» sözüniň manysy hakynda ýerli ilatyň arasynda gyzykly rowaýatlar köp. Oturymly ilat «kelif» sözüni «gulp» ýa-da «kilit» sözleriniň üýtgän görnüşi hasaplap, ony Isgender Zülkarneýniň ady bilen baglanyşdyrýar. Başga birleri «kelif» sözüniň «zuf» sözünden döräp, goşa kenardaky şäher manysyny aňladýandygyny, käbirleri bolsa bu sözüň türkmenleriň «gelin» sözünden dörändigini tekrarlaýarlar. Her niçik bolsa-da, gadymy Kelif şäheriniň adynyň antik zamanlarda hem häzirkisi ýaly duş gelýändigini alymlar subut edýärler.

Oral TEMIROW,
Köýtendag etrap merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçysy, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri.
Beýleki habarlar